Eýran «Demirgazyk — Günorta» geçelgesiniň demir ýol böleginiň gurluşygyny tamamlady

4 Iýun 2024
393

Eýran Hazar deňzini (Enzeli porty) Pars aýlagy (Bendar-Abbas porty) bilen birleşdirýän demir ýoluň gurluşygyny tamamlady. Bu adaty söwda ugurlaryny üýtgeder.

Täze ýoluň kömegi bilen ýükler Hindi ummanynyň üstünden Eýrana baryp ýeter, Eýrandan demir ýol boýunça äkidiler we Hazar deňziniň gämilerinde ýol aşar. Şondan soň Astrahandan Sankt-Peterburg şäherine otly, derýa ýa-da ulag ýollary bilen ýetiriler. Täze söwda ýoly Eýran bilen Russiýany Wolga, Azow we Hazar deňizleri bilen baglanyşdyrýan derýa hem demir ýollardan ybarat bolup, ýurtlara Günbatar döwletlerinden garaşsyz söwda etmäge mümkinçilik döreder. Şol bir wagtyň özünde bolsa Moskwadan Hindistana has gysga ýoly emele getirer.