Harytlaryň Eýrandan geçmegi 56% ýokarlandy

4 Iýun 2024
330

«IRICA» ýekşenbe güni Eýranyň senenama ýylynyň ilkinji iki aýynda (20-nji mart — 20-nji maý) 3,6 million tonnadan gowrak harydyň Eýranyň üsti bilen daşalandygyny habar berdi. Munuň özi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 56,5% köpdür.

Eýranyň günbatar serhedindäki Yrak Kürdüstany bilen Parwizhan gümrükhanasy iki aýyň dowamynda 1,07 million tonnalyk harydy bellige aldy we daşary ýurt tranzitiniň 29,5 %-ini emele getirdi.