Türkmenistan Russiýadan Merkezi Aziýa Ýurtlaryna, Owganystana we Pakistana ýük geçirýän ulag merkezi bolar

6 Iýun 2024
294

Astrahan şäheriniň häkimi Igor Babuşkiniň ýakynda tamamlanan «Russiýa ‒ Yslam dünýäsi: KazanForum – 2024» atly XV halkara ykdysady forumynda eden çykyşynda Russiýanyň bu sebitiniň halkara gatnaşyklarynyň artýan ýagdaýynda Astrahanyň «Lotos» aýratyn ykdysady zolagynda Türkmenistanyň logistika merkezini döretmegiň ähmiýeti bellenip geçildi.

«Türkmenistanly hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde aýratyn ykdysady port zolagynda ýerleşjek söwda-logistika kompaniýasyny döretmek örän möhüm taslamadyr. Munuň uly ähmiýeti bardyr, şol sanda biziň port mümkinçiliklerimizi ulanmak bilen, ýükleri üstaşyr geçirmekde-de ähmiýeti uludyr» diýip, Russiýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Igor Babuşkiniň sözlerine salgylanýar.