Energetika — Watan kuwwaty

7 Iýun 2024
411

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ugurlarda bolşy ýaly, energetika pudagynda hem uly ösüşler gazanylýar. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, hormatly Prezidentimiz tarapyndan dowam etdirilýän öňdengörüjilikli syýasat netijesinde energetika senagatynyň ösdürilmegi babatda yzygiderli işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň 5-nji iýunda Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, ýurdumyzda bitewi halkalaýyn energoulgamy döretmegiň taslamasynyň çäginde gurlan Balkan — Daşoguz ugry boýunça täze howa elektrik geçirijisiniň we her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan elektrik beketleriniň işe girizilmegine ak pata bermegi hem milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmagyň ýolunda nobatdaky möhüm ädim boldy.

Türkmenistanyň senagatyny batly depginlerde ösdürmek boýunça bellenilen maksatnamalary amala aşyrmakda elektroenergetika möhüm orun degişlidir. Ýurdumyzda ulanylýan, şeýle hem ulanmaga berlen täze senagat we durmuş maksatly desgalary elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek üçin giň gerimli işleriň çäklerinde welaýatlarda döwrebap gazturbinaly elektrik beketleriniň birnäçesi, elektrik geçiriji ulgamlar guruldy. Netijede, energetika senagatynyň önümçilik kuwwatlyklary birnäçe esse artdy. Ýurdumyzyň energiýa kuwwatlyklaryny sebitleriň arasynda paýlamak, elektrik geçirijileriň kadaly işlemegini gazanmak maksady bilen, halkalaýyn ulgamy döretmek wezipesiniň öňde goýulmagy bu ugurda alnyp barylýan işlere täze depgin berdi. Hormatly Prezidentimiz täze energetika desgalarynyň açylyş dabarasyndaky Çykyşynda bu barada: «Ýurdumyzda hereket edýän energiýa ulgamyny halkalaýyn birleşdirmek boýunça taslamanyň durmuşa geçirilmegi Garaşsyz Türkmenistanyň energetika pudagynyň taryhynda uly wakadyr. Bu taslamanyň üstünlikli amala aşyrylmagy bilen, Diýarymyzda bir bitewi halkalaýyn energiýa ulgamy emele geldi. Bu bolsa içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmäge, ýurdumyzyň dürli künjeklerinden daşary ýurtlara elektrik energiýasyny ibermäge mümkinçilik berer» diýip belledi.

Abdy ABDYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.