Milli ykdysadyýetimiz ösdürilýär

4 Iýun 2024
599

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda eziz Watanymyz ösüşlere beslenýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ykdysady ösüşleri gazanmak bilen, netijeli işler durmuşa ornaşdyrylýar. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurlup ulanmaga berilýän desgalar, ýaşaýyş jaýlary, belent binalar ösüşiň aýdyň ýoluny üpjün edýär. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlylygyny beýan edip, täze ösüşlere giň mümkinçilikleri döredýär.

Berkarar Watanymyzda gazanylýan uly üstünlikler, ýetilýän täze sepgitler hormatly Prezidentimiziň beýik işleriniň, durmuşa geçirýän belent maksatlarynyň rowaçlanýandygyny görkezýär. Gazanylan beýik ösüşler ýurdumyzyň aýdyň ýollardan barýandygyny dünýä aýan edýär. Döwür öňe tarap barýar, durmuş ösýär, özgerýär, täze sepgitlere eýe bolýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda gazanylýan beýik ösüşler buýsançly wakalar bolup kalba dolýar.

Akmeňli GARAÝEWA,
Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.