Energetika: bedew batly ösüşler

5 Iýun 2024
395

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň batly depginler bilen dowam edýän hemmetaraplaýyn ösüşleri hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalaryndan, parasatly başlangyçlaryndan gözbaş alýar. Bu gün ýurdumyz dünýäniň ykdysady taýdan ösen döwletleriniň hataryna üstünlikli goşulyşýar. Aýratyn hem, nebitgaz, energetika pudaklarynda durmuşa geçirilýän netijeli işler, gazanylýan durnukly ösüşler aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Düýn ýurdumyzyň Daşoguz welaýatynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylyşa girizilen her biriniň güýjenmesi 500 kW bolan «Daşoguz — Balkan» ugry boýunça täze howa elektrik geçirijisi we beketleri hem bu ugurdaky alnyp barylýan maksatnamalaryň nobatdaky möhüm tapgyry boldy.

Bilşimiz ýaly, ýurdumyzyň energetika pudagy hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen soňky ýyllarda batly depginler bilen yzygiderli ösdürilýär, maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar. Täze energetika ulgamlaryny döretmek boýunça öňde goýlan wezipeleri çözmekde uly üstünlikler gazanylýar. Içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly möçberde üpjün etmek bilen bir hatarda, onuň daşary ýurtlara iberilýän ugurlaryny kämilleşdirmek boýunça yzygiderli durmuşa geçirilýän işler häzirki wagtda milli ykdysadyýetimiziň bu pudagynyň innowasion tehnologiýalar esasynda ýokary ösüş depginlerine eýe bolýandygyny aýdyňlyk bilen görkezýär. 2022-nji ýylda paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynda diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, Merkezi Aziýa sebitinde öz ugrunda ilkinji desga bolan Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň açylandygyny hem bellemek aýratyn ýakymlydyr. Şeýle üstünlikli ösüşleriň ýurdumyzyň ähli künjegini gurşap alanlygy mähriban halkymyzda egsilmez guwanç we buýsanç duýgularyny döredýär.

Ýörite habarçymyz.