Innowasion ykdysadyýetiň möhüm talaplary

5 Iýun 2024
421

Sanly ykdysadyýetiň ösmegi halk hojalygynyň ähli pudaklaryny öz içine alyp, tutuş jemgyýetiň we her bir adamyň durmuşyny özgerdýär. Bu ösüş, esasan, innowasion tehnologiýalaryň üznüksiz kämilleşmegi hem-de olaryň mümkinçiliklerinden peýdalanmagy başarýan hünärmenleriň sanynyň artmagy bilen baglanyşyklydyr. Sanly ykdysadyýetde döwlet kärhanalarynda, hususy pudakda-da işleriň ýola goýluşy özgerýär, hünärmenleriň we ýolbaşçy düzümleriň wekillerine bildirilýän talaplar ýokarlanýar. Munuň şeýledigini häzirki zaman dünýä tejribesi hem tassyklaýar. Meselem, dünýäniň iri banklarynda dolandyryjy wezipelere degişli hünärmenlere bildirilýän talaplar döwrüň şertlerine laýyklykda yzygiderli üýtgäp durýar. Maglumatlar bilen işlemegi öwrenmek, kiberhowpsuzlykdan baş çykarmak, programmirlemäniň esaslaryny bilmek we önümçiligi ösdürmek şol talaplara mysal hökmünde görkezilip bilner. Elbetde, giň dünýägaraýyş, täze bilimleri çalt özleşdirmek we ýüze çykýan meseleleri seljerip, dogry çözgütlere gelmek dolandyryş ugruna degişli hünärmenlere bildirilýän esasy talaplardyr. Sebäbi bu başarnyklar babatda häzirki döwrüň iň kämil emeli aň tehnologiýalary hem adamdan asgyn gelýär. Zähmet toparynyň we kärhananyň ýa-da guramanyň mümkinçiliklerine dogry baha berip, öňde durýan wezipeleri anyk we aýdyň kesgitlemegi, işe kabul ediljek işgärleriň ukyp-başarnyklaryny, bilim derejesini, ruhy-ahlak ýagdaýyny bahalandyrmagy oňarmak ýolbaşçylar üçin sanly başarnyklardan has derwaýysdyr.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda döwlet hem-de hususy düzümleriň zähmet toparlaryny emele getirýän işçileriňdir hünärmenleriň we olary dolandyrýan ýolbaşçylaryň iş bilen baglanyşykly zerur başarnyklarynyň binýady heniz bilim ojaklarynda okaýan döwründe kemala gelýär. Şoňa görä-de, bilim edaralarynyň öňdebaryjy dünýä tejribesini yzygiderli özleşdirip, hemişe täzeçillige ymtylmagy sanly ykdysadyýetde belent sepgitlere ýetmegiň wajyp şertleriniň biridir. Sanly başarnyklar islendik ugurda hünär kämilliginiň hilini ýokarlandyrýar we köp kesp-kärleri özgerdýär. Dolandyryjylar taýýarlanylanda maglumatlar bilen işlemegi başarmak, olary toplumlaşdyrmak we geçirilýän seljermeler esasynda çözgütleri kabul etmek başarnyklaryna aýratyn ähmiýet berilmelidir.

Selimberdi HOJABERDIÝEW,
Aşgabat şäheriniň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň başlygynyň orunbasary.