Eşret paýlaýan kuwwatly desgalar

5 Iýun 2024
345

Milli ykdysadyýetimiziň birsydyrgyn ösüş depginini üpjün edýän esasy çeşmeleriň birisi elektrik energiýasynyň bolelin öndürilmegi bilen baglanyşyklydyr. Halkymyzyň eşretli ýaşaýşyny üpjün edýän esasy zerurlyklaryň biri bolan elektrik energiýasyny öndürmek wezipesi döwlet syýasatynda hem ileri tutulýar. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen Garaşsyz ýurdumyzda onuň ýeterlik gory döredilip, ondan netijeli peýdalanylýar.

Türkmenistanda dünýäniň öňdebaryjy desgalarynyň işe girizilmegi döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň we mümkinçilikleriniň ägirtdigini görkezýär. Ilatyň we önümçiligiň elektrik energiýasy bilen zerur bolan mukdarda üpjün edilmegi bolsa il-ýurduň rowaçlygynyň daýanjydyr. Berkarar döwletimizde kuwwatly energetika ulgamynyň kemala getirilmegi ýurdumyzy senagatlaşdyrmagyň, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmagyň hasabyna ösdürmegiň, dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän islendik derejedäki bäsleşige ukyply önümleri öndürmegiň şaýoluna düşülen mahalynda göz öňünde tutulan maksatlara ýetmegiň möhüm şertini emele getirdi. Bir bitewi energetika ulgamyny ösdürmek üçin maksatlaýyn işleriň çägi ýene-de örän giňdir. 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça elektrik energiýasynyň umumy öndürilişi ep-esli artyp, onuň 34,2 milliard kW/sagada ýetirilmegine garaşylýar. Bu döwürde welaýatymyzda hem elektrik energiýasynyň öndürilişi 2019-njy ýyl bilen, deňeşdirilende 1,4 esse artyp, ol 3 milliard kW/sagatdan hem gowrak bolar. Häzirki wagtda Türkmenistan bir bitewi Merkezi Aziýa energiýa ulgamyna işjeň goşulmak bilen, türkmen elektrik energiýasyny halkara ugurlar boýunça geljek üçin meýilleşdirilýän taslamanyň çäklerinde ibermegiň möçberleriniň has-da artdyrylmagy üçin goşmaça mümkinçilikleri döretmekde möhüm orny eýeleýär.

«Türkmen gündogary»