"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Maslahaty alsaňyz...

Tozan bölejikleriniň mukdarynyň adatdan daşary ýokarlanmagy netijesinde, onuň adam bedenine oňaýsyz täsir etmeginiň öňüni almakda öý şertlerinde melhem taýýarlap hem ulanyp bolaýjak peýdaly maslahatlary gazetde çap etmegi makul bildik. Zygyr (lýon) dänejiklerini edil çigit gowrulyşy ýaly, oňat gowurmaly. Sowadyp, ony toz bolýança döwmeli. Taýýar edilen 1 çaý çemçe toza sähelçe burç garmaly we şol mukdardaky arassa ary baly bilen garyp, günde 2-3 ýola dümewiň we sowuklamalaryň dowam edýän döwründe ýa-da özüňde şol dertleriň alamatlarynyň ýüze çykan halatlarynda peýdalanmaly.

Saglyk — abatlyk

Gürrüň bermeklerine görä, bir adam hemişe gününden närazy bolup ýörmüşin. Şol zerarly hem ol gününiň süýjüsini bilmändir. Bir gün hem ol çöle çykypdyr-da: «Heý, mundan hem ýaşaýyş bolarmy?! Indi näme etsemkäm?!» diýip otyrka, oňa ýagşyzada duşupdyr. Ol: «Be-e, çölde gudrat bar diýleni boldy» diýip begenipdir. Ýagşyzada oňa: — Näme dilegiň bolsa aýt! — diýipdir. Ýaňky adam:

Kitaplar içinde bir kitap bar

Ýurdumyzyň dünýä belli Baýramaly şypahanasynda türkmen raýatlary bilen daşary ýurt myhmanlary hem saglygyny bejerdýärler. Aýna ýaly arassa wannalar, bejergi otaglary, ýatak jaýlary, şypaly howa adam synasynyň berkäp, ruhunyň arassalanmagyna, gözelleşmegine has oňaýly täsir edýär. Şypahanadaky enjamlar öň süňňüňde känbir biynjalyk edip durmaýan derdiňi anyklap, onuň öňüni almaga ýardam edýär, çünki bu ýerde ösen dünýäniň iň kämil enjamlary ilatyň hyzmatynda goýlan. Fitobarda derman ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlar hödürlenýär.

Her bir adam sagdyn bolmaga hukuklydyr

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda eziz Diýarymyz halkara derejedäki baýramy — Bütindünýä saglyk gününi giňden belläp geçýär. «Bütindünýä saglyk güni ynsan saglygyna, bedenterbiýä we sporta aýratyn ähmiýet berilýän hem-de ynsanperwerligiň belent däplerini dabaralandyrýan halkara baýramdyr. Milli senenamamyza girizilen bu baýram jemgyýetimiziň sagdynlygyny, agzybirligini, jebisligini, ägirt uly döredijilik mümkinçiliklerini özünde jemleýän baýram hökmünde eziz Diýarymyzda döwlet derejesinde giňden bellenilýär» diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtaýar. Bu baýram her ýylyň 7-nji aprelinde bellenilýär, bu günde Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Tertipnamasy güýje girdi. Gurama agza döwletleriň hökümetleri tarapyndan gol çekilen Tertipnama ilkinji gezek halkara derejede adamyň saglyga bolan hukugyny yglan etdi, hökümetleriň halkyň saglygy üçin jogapkärçiligini tassyklady we ylmyň, halkara howpsuzlygyň güýçlendirilmegi bilen saglygyň aýrylmaz baglanyşyklydygyny görkezdi.

Welosport: ruhubelentlik we bagtyýarlyk

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek bilen, jemgyýetimiziň we halkymyzyň beden hem-de ruhy taýdan sagdyn bolmagyny, bedenterbiýäni we sporty ösdürmegi baş maksat hökmünde öňe sürýär. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde ýurdumyzda saglygy goraýşy hemmetaraplaýyn ösdürmek, keselleriň öňüni almak, ynsan ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak babatda giň möçberli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly ýakynda geçirilen nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşiniň hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin meýilnamasynyň tassyklanylmagy Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmündäki derejesiniň has-da belende göterilmeginde möhüm ädimdir. Döwlet Baştutanymyz halkymyzyň saglygy bilen baglanyşykly meseleleri hemişe üns merkezinde saklap, bedenterbiýäniň we sportuň jemgyýetimizi jebisleşdirýän, halkymyzy beýik ösüşlere ruhlandyrýan güýçdügini belleýär. Şunda welosiped sportuna hem uly üns berilýär. Saglyk üçin örän peýdaly bolan welosiped halkymyzyň durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Uzak aralygy we

Saglygyň gadyryn bilgil...

Kesellerden goranmagy daşary çykylanda agyz-burun örtüklerini dakynmak, arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek, iki metr howpsuz aralygy saklamak bilen utgaşdyryň! Eger-de nähoşlugyň ilkinji alamatlaryny duýsaňyz, hökman maşgala lukmanyna ýüz tutuň!

Saglyk — gymmatly baýlyk

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary netijesinde saglygy goraýyş ulgamynyň ähli ugurlary bilen birlikde, şypahana ulgamynda hem uly ösüşler gazanyldy. Güneşli Diýarymyzyň täsin tebigatly künjeklerinde, melhem suwly çeşmeleriň başynda ajaýyp binagärlik keşbine eýe bolan, iň kämil lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen şypahanalary gurmak, bar bolanlarynyň durkuny düýpli döwrebaplaşdyrmak işlerine aýratyn orun berilýär. Munuň şeýledigini 2020-nji ýylda milli Liderimiziň ak pata bermeginde açylyp, ulanylmaga berlen «Bagabat» şypahanasyny hem görkezmek bolar. Häzirki wagtda bagtyýar raýatlarymyz şypahanalarda dynç almaga we saglygyny dikeltmäge giň mümkinçilik alýarlar. Bu ýerdäki tölegleriň elýeterliligi, hyzmatlaryň ýokary hilliligi we olardaky tebigy mineral suwlaryň jana ýaramlydygy raýatlarymyzyň şeýle täsin künjeklerde dynç almaga bolan isleglerini has-da artdyrýar. Milli Liderimiziň tagallalary bilen türkmen lukmançylygy halkara derejä ýetdi, ýurdumyzda täze hassahanalardyr şypahanalar guruldy, olara ylmyň iň täze gazananlary ornaşdyrylyp, bu babatda halkara hyzmatdaşlygy ösdürildi. Häzirki döwürde ýurdumyz köp keselleriň düýbünden ýok edilen ýurdy hökmünde dünýä jemgyýetçiligi, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan ykrar edilýär.

Ynsan saglygy — durmuş-ykdysady syýasatyň baş ugry

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 26-njy martynda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň wajypdygyny we onuň hemmetaraplaýyn ösdürilmeginiň durmuş ulgamyny nazarlaýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belläp, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşi we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin meýilnamasyny tassyklamak bilen baglanyşykly Karara gol çekdi. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşiniň wezipelerinde ilatyň saglygyny goramak we keselleriň öňüni almak, keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmegi güýçlendirmek, saglygy goraýyş ulgamyny öňdebaryjy lukmançylyk ylmynyň we biliminiň gazananlarynyň esasynda özgertmek, maşgala lukmançylygy ýörelgesini kämilleşdirmek, elektron saglygy goraýşyny ösdürmek, ulgamyň kanunçylyk esaslaryny döwrebaplaşdyrmak hem-de onuň işini häzirki döwrüň talaplaryndan ugur alyp, halkara ölçeglerine laýyklykda guramak ýaly esasy ugurlar göz öňünde tutulýar.

Baýramçylyk maslahaty

Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän «Bagabat» şypahanasynda baýramçylyk maslahaty geçirildi. Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan maslahaty welaýatyň hem-de etrabyň jemgyýetçilik guramalary bilelikde gurady. Oňa şypahanada zähmet çekýän saglygy goraýyş işgärleri gatnaşdy. Şanly senä bagyşlanan maslahatda jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri çykyş edip, oňa gatnaşyjylary Bütindünýä saglyk güni mynasybetli gutladylar hem-de ýurdumyzda halkymyzyň saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa ornaşdyrmak ugrundaky tagallalar barada gürrüň berdiler. Çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen gözel Diýarymyzda yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýän häzirki zaman lukmançylyk toplumlarynyň, hassahanalaryň, «Ene mähri» merkezleriniň, saglyk öýleriniň, şypahanalaryň, dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň ähmiýetine aýratyn üns çekildi hem-de şeýle desgalaryň gurulmagynyň ynsan saglygy hakda edilýän aladalardan gözbaş alýandygy bellenildi.

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň gözbaşy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, bereketli ýaz paslynda her ýyl uly dabara bilen bellenilýän Bütindünýä saglyk güni ajaýyp baýramlaryň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň türkmen döwletiniň mizemez esaslaryny berkitmekde alyp barýan işleri demokratik ýörelgeleri, umumadamzat bähbidini nazarlaýan beýik işleri kalbymyzda uly buýsanç duýgusyny döredýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Bütindünýä saglyk güni täze mazmunly ýörelgeler bilen rowaçlandyrylýar, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleri işjeň ornaşdyrylýar, bedenterbiýe we sport wagyz edilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň saglygy, ýaş nesillerimiziň bagtyýar, asuda ýaşaýşy barada alada edilip, häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda, köpçülikleýin bedenterbiýäni, olimpiýa hereketini, sport medeniýetini ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän iri sport hem-de atçylyk sport toplumlary, stadionlar, sport mekdepleri guruldy. Geljekde ýurdumyzyň sport abraýyny goramakda ýaş nesillerimizi taýýarlamak üçin paýtagtymyz Aşgabat şäherinde dünýä ölçegleriniň ähli talaplaryna doly laýyk gelýän Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň binalar toplumy, Sport we ýaşlar sy

“Saglyk” Döwlet maksatnamasy: täze rowaçlyklara badalga

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen, adamyň saglygyny goramakda, ilatyň saglyk ýagdaýyny gowulandyrmakda, keselleriň öňüni almakda, saglygy goraýyş we derman senagaty pudagyny dünýä derejesinde ösdürmekde taryhy işler amala aşyrylýar. Keselleriň öňüni almakda we bejermekde ýetilen sepgitler we gazanylan üstünlikler halkara derejede ykrar edilýär. Saglygy goraýşyň maddy-enjamlaýyn binýady düýpli pugtalandyrylýar. Ulgamy düýpli özgertmäge gönükdirilen kanunlar we kadalaşdyryjy namalar işlenip düzülýär. Saglygy goraýşyň wajyp meseleleri boýunça dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleri we ylmy-kliniki merkezleri bilen ysnyşykly gatnaşyklar ýola goýulýar. Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän iri saglyk desgalary gurlup, halkyň hyzmatyna berilýär. Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer taglymatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Ýakynda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşiniň we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin meýilnamasynyň tassyklanmagy guwandyryjy wakalaryň biri boldy. Maksatnama «Türkmenistanyň Prezidentini

Sagdyn bolaýyn diýseň...

Howanyň üýtgemegi bilen, möwsümleýin keselleriň döremek mümkinçiligi hem artýar. Olardan goranmak üçin sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmeli. Şeýle-de: — bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, ir säherde hem-de agşamara arassa howada gezim etmeli;

Ýylyň ähli pasyllarynda saglygyňyzy goramak üçin maslahatlar

Ýurdumyzda raýatlarymyzyň saglygyny goramak, dürli ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen, degişli çäreler döwlet derejesindäki talaplara laýyk geçirilýär. Pasyllaryň çalyşmagy bilen baglylykda ýüze çykyp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriniň öňüni almak maksady bilen, pasyllara görä gün tertibini dogry alyp barmaklyk zerur bolup durýar.

Saglygym — bahasyz baýlygym

Ýurdumyzda ynsan saglygy ähli zatdan ileri tutulýar. Bu ugurda Diýarymyzda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Şoňa görä-de, Türkmenistan bütin dünýäde sagdynlygyň mekany hökmünde ykrar edilýär. Munuň özi ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň günsaýyn dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Ynsanyň baş baýlygy hasaplanylýan saglyk ähli üstünligiň gözbaşydyr. Bu ugurda hut Gahryman Arkadagymyzyň özi şahsy göreldesi bilen ildeşlerimizi sagdyn durmuş ýörelgelerine çagyrýar. Ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny yzygiderli we üstünlikli üpjün etmek bolsa, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan durmuş-ykdysady syýasatynyň düýp özenini düzýär. Munuň özi ýurdumyzda sagdyn jemgyýetiň kemala gelmeginiň möhüm şertleriniň biridir.

Hemmämiz üçin, saglygymyz üçin

■ Jemgyýetçilik we köpçülik ýerlerinde 2 metr howpsuz araçägi saklaň! ■ Daşary çykanyňyzda agyz-burun örtüklerini dakynmagy ýatdan çykarmaň!

Saglyk ― ömrüň tylla täji

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyz bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Güneşli Diýarymyzyň ykdysady ösüşini belent sepgitlere ýetirmek, halkyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak, adamlaryň saglygyny gorap saklamak döwlet syýasatynyň esasy özenini düzýär. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda milli saglygy goraýyş ulgamynyň düzümleri düýpli özgerdi. Aşgabat şäherinde hem-de welaýat merkezlerinde innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan saglyk merkezleridir ýöriteleşdirilen hassahanalaryň, saglyk öýleriniň gurulmagy, şypahanalaryň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilmegi «Döwlet adam üçindir!» diýen ajaýyp ýörelgämiziň miweleridir.

Sagdynlygyň diýary

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak we ösdürmek, ilatyň saglygy barada alada etmek döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurdaky amala aşyrylýan oňyn özgertmeler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe jemgyýetimiziň we döwletiň iň gymmatly hazynasy bolup durýan adam we onuň saglygyny goramak baradaky aladany gurşap alýar. Her ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä saglyk güni giňden bellenilip geçilýär, ýurdumyzyň ähli sebitleri uly ruhubelentlikde dürli sport çärelerine beslenýär. Saglyk gününiň dabaraly bellenilmegi ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde, kesellere garşy göreşmekde, sagdyn durmuş ýörelgesini işjeň wagyz etmekde Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan syýasatynyň düýp özenini düzýär.

7-nji aprel — bütindünýä saglyk güni

ROWAÇLYGA BESLENÝÄN ULGAM Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ynsan saglygy, halkymyzyň durmuş abadanlygy baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramak, sagdyn jemgyýeti berkarar etmek ugrunda belent sepgitlere ýetilýär. Bu ugurda durmuş-ykdysady maksatnamalara esaslanýan köpugurly işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde lukmançylyk, şypahana-dynç alyş maksatly desgalar gurlup, ulanylmaga berilýär. Milli Liderimiziň tagallasy bilen gurlup, ulanylmaga berilýän döwrebap lukmançylyk merkezleri, hassahanalar, bejeriş-keseliň öňüni alyş edaralary, enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezleri häzirki zaman tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylyşy we hödürleýän hyzmatlary babatda dünýäniň ösen lukmançylyk edaralary bilen bäsleşmäge ukyplydyr.

Gymmatly baýlygyň goragynda

1948-nji ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) döredildi. Dünýä ýaşaýjylarynyň saglygyny goramakda uly ähmiýete eýe bolan bu taryhy sene Ýer ýüzünde Bütindünýä saglyk güni hökmünde bellenilip geçilýär. BSGG tarapyndan her ýyl şu senede ynsan saglygyny goramakda emele gelen ýagdaýa baha berlip, köpçülikleýin ýaýraýan wiruslaryň, tebigy heläkçilikleriň, migrasiýanyň (ilatyň bir ýa-da köp ýurduň çäginde göçüp-gonmagy), urbanizasiýanyň (medeni-ykdysady durmuşyň uly şäher merkezlerinde jemlenmegi), howanyň we suwuň hapalanmagynyň, üýtgemeginiň, iýmit goşundylarynyň, derman serişdeleriniň gözegçiliksiz ulanylmagynyň saglyga zyýanly täsiri bilen baglanyşykly iň agyryly meseleleri öňe çykarmaga hem-de ýylyň dowamynda ony çözmegiň has ygtybarly we netijeli usullaryny tapmaga dünýä jemgyýetçiliginiň ünsi çekilýär. Şeýle maksat bilen dünýäniň ähli ýurtlarynda 7-nji aprelde köpçülikleýin çäreler geçirilýär. Olar sport çärelerini, köpçülikleýin düşündiriş işleriniň köp görnüşlerini öz içine alýar.

Magnit hadysasy we onuň täsiri

Adamyň beýnisinde howanyň ýagdaýyna görä üýtgeýän gormonlar bar. Atmosfera basyşy birdenkä üýtgände, çyglylyk derejesi ýokarlanananda ýa-da peselende we şuňa meňzeş tebigy-howa şertleri üýtgände adam bedeni gormonal özgermelere uýgunlaşmaga ýetişmeýär. Netijede, ähli ulgamlarda, aýratyn hem ýürek-damar we nerw ulgamlarynda näsazlyklar ýüze çykýar. Bu ýagdaý, ylaýta-da üýtgemelere duýgur adamlara ýaramaz täsir edýär. Gün işjeňliginiň ýokarlanmagy netijesinde adamlarda ýürek-damar ulgamynyň işi bozulýar, muňa ýürek ritminiň üýtgemegi sebäp bolýar. Puls seýrekleşýär ýa-da çalt urýar. Gan goýalýar, lagtalanýar, netijede gan aýlanyş peselip, bedeniň öýjüklerine kislorod ýetmezçiligi ýüze çykýar. Ganda adamyň bioritmlerini we immunitetini goldaýan melatoniniň mukdary azalýar. Bu bolsa gormonal bozulmalaryň ýüze çykmagyna getirýär. Kelle beýnisine we nerw uçjagazlaryna howanyň ýeterlik barmaýanlygy sebäpli adamyň keýpi gaçýar, sussy peselýär, ukusy bozulýar, bogunlary, kellesi, etleri agyrýar. Arterial gan basyşy üýtgäp durýar. Ganda adrenaliniň derejesi ýokarlanýar, dartgynlylyk ýagdaýlaryna durnuklylyk döredýän melaniniň işlenip çykarylyşy peselýär.