Magnit hadysasy we onuň täsiri

5 Aprel 2021
1258

Adamyň beýnisinde howanyň ýagdaýyna görä üýtgeýän gormonlar bar. Atmosfera basyşy birdenkä üýtgände, çyglylyk derejesi ýokarlanananda ýa-da peselende we şuňa meňzeş tebigy-howa şertleri üýtgände adam bedeni gormonal özgermelere uýgunlaşmaga ýetişmeýär. Netijede, ähli ulgamlarda, aýratyn hem ýürek-damar we nerw ulgamlarynda näsazlyklar ýüze çykýar. Bu ýagdaý, ylaýta-da üýtgemelere duýgur adamlara ýaramaz täsir edýär.

Gün işjeňliginiň ýokarlanmagy netijesinde adamlarda ýürek-damar ulgamynyň işi bozulýar, muňa ýürek ritminiň üýtgemegi sebäp bolýar. Puls seýrekleşýär ýa-da çalt urýar. Gan goýalýar, lagtalanýar, netijede gan aýlanyş peselip, bedeniň öýjüklerine kislorod ýetmezçiligi ýüze çykýar. Ganda adamyň bioritmlerini we immunitetini goldaýan melatoniniň mukdary azalýar. Bu bolsa gormonal bozulmalaryň ýüze çykmagyna getirýär. Kelle beýnisine we nerw uçjagazlaryna howanyň ýeterlik barmaýanlygy sebäpli adamyň keýpi gaçýar, sussy peselýär, ukusy bozulýar, bogunlary, kellesi, etleri agyrýar. Arterial gan basyşy üýtgäp durýar. Ganda adrenaliniň derejesi ýokarlanýar, dartgynlylyk ýagdaýlaryna durnuklylyk döredýän melaniniň işlenip çykarylyşy peselýär.

Kumryhan KLYÇEWA,
welaýat psihonewrologiýa hassahanasynyň KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy.
Beýleki habarlar