Saglyk — gymmatly baýlyk

6 Aprel 2021
1020

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary netijesinde saglygy goraýyş ulgamynyň ähli ugurlary bilen birlikde, şypahana ulgamynda hem uly ösüşler gazanyldy. Güneşli Diýarymyzyň täsin tebigatly künjeklerinde, melhem suwly çeşmeleriň başynda ajaýyp binagärlik keşbine eýe bolan, iň kämil lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen şypahanalary gurmak, bar bolanlarynyň durkuny düýpli döwrebaplaşdyrmak işlerine aýratyn orun berilýär. Munuň şeýledigini 2020-nji ýylda milli Liderimiziň ak pata bermeginde açylyp, ulanylmaga berlen «Bagabat» şypahanasyny hem görkezmek bolar.

Häzirki wagtda bagtyýar raýatlarymyz şypahanalarda dynç almaga we saglygyny dikeltmäge giň mümkinçilik alýarlar. Bu ýerdäki tölegleriň elýeterliligi, hyzmatlaryň ýokary hilliligi we olardaky tebigy mineral suwlaryň jana ýaramlydygy raýatlarymyzyň şeýle täsin künjeklerde dynç almaga bolan isleglerini has-da artdyrýar. Milli Liderimiziň tagallalary bilen türkmen lukmançylygy halkara derejä ýetdi, ýurdumyzda täze hassahanalardyr şypahanalar guruldy, olara ylmyň iň täze gazananlary ornaşdyrylyp, bu babatda halkara hyzmatdaşlygy ösdürildi. Häzirki döwürde ýurdumyz köp keselleriň düýbünden ýok edilen ýurdy hökmünde dünýä jemgyýetçiligi, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan ykrar edilýär.

Saparmyrat ORAZMÄMMEDOW,
Ahal welaýat ýöriteleşdirilen inçekesel hassahanasynyň lukmany.
Beýleki habarlar