Welosport: ruhubelentlik we bagtyýarlyk

7 Aprel 2021
843

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek bilen, jemgyýetimiziň we halkymyzyň beden hem-de ruhy taýdan sagdyn bolmagyny, bedenterbiýäni we sporty ösdürmegi baş maksat hökmünde öňe sürýär. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde ýurdumyzda saglygy goraýşy hemmetaraplaýyn ösdürmek, keselleriň öňüni almak, ynsan ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak babatda giň möçberli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly ýakynda geçirilen nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşiniň hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin meýilnamasynyň tassyklanylmagy Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmündäki derejesiniň has-da belende göterilmeginde möhüm ädimdir.

Döwlet Baştutanymyz halkymyzyň saglygy bilen baglanyşykly meseleleri hemişe üns merkezinde saklap, bedenterbiýäniň we sportuň jemgyýetimizi jebisleşdirýän, halkymyzy beýik ösüşlere ruhlandyrýan güýçdügini belleýär. Şunda welosiped sportuna hem uly üns berilýär. Saglyk üçin örän peýdaly bolan welosiped halkymyzyň durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Uzak aralygy welosipedli geçmekde hormatly Prezidentimiz nusgalyk görelde bolýar. Ýurdumyzda sportuň bu görnüşine öňki ýyllarda hem üns berlendigini taryhy maglumatlar subut edýär. 1894-nji ýylda Aşgabatda ilkinji welosipedçiler jemgyýetiniň döredilmegini, şondan bir ýyl geçenden soň, welosiped sporty boýunça ilkinji ýaryşyň guralmagyny muňa mysal hökmünde getirse bolar.

Jahan MUHAMMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar