Her bir adam sagdyn bolmaga hukuklydyr

7 Aprel 2021
968

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda eziz Diýarymyz halkara derejedäki baýramy — Bütindünýä saglyk gününi giňden belläp geçýär. «Bütindünýä saglyk güni ynsan saglygyna, bedenterbiýä we sporta aýratyn ähmiýet berilýän hem-de ynsanperwerligiň belent däplerini dabaralandyrýan halkara baýramdyr. Milli senenamamyza girizilen bu baýram jemgyýetimiziň sagdynlygyny, agzybirligini, jebisligini, ägirt uly döredijilik mümkinçiliklerini özünde jemleýän baýram hökmünde eziz Diýarymyzda döwlet derejesinde giňden bellenilýär» diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtaýar.

Bu baýram her ýylyň 7-nji aprelinde bellenilýär, bu günde Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Tertipnamasy güýje girdi. Gurama agza döwletleriň hökümetleri tarapyndan gol çekilen Tertipnama ilkinji gezek halkara derejede adamyň saglyga bolan hukugyny yglan etdi, hökümetleriň halkyň saglygy üçin jogapkärçiligini tassyklady we ylmyň, halkara howpsuzlygyň güýçlendirilmegi bilen saglygyň aýrylmaz baglanyşyklydygyny görkezdi.

Ogulmähri GELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň direktory.
Beýleki habarlar