Baýramçylyk maslahaty

6 Aprel 2021
883

Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän «Bagabat» şypahanasynda baýramçylyk maslahaty geçirildi. Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan maslahaty welaýatyň hem-de etrabyň jemgyýetçilik guramalary bilelikde gurady. Oňa şypahanada zähmet çekýän saglygy goraýyş işgärleri gatnaşdy.

Şanly senä bagyşlanan maslahatda jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri çykyş edip, oňa gatnaşyjylary Bütindünýä saglyk güni mynasybetli gutladylar hem-de ýurdumyzda halkymyzyň saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa ornaşdyrmak ugrundaky tagallalar barada gürrüň berdiler. Çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen gözel Diýarymyzda yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýän häzirki zaman lukmançylyk toplumlarynyň, hassahanalaryň, «Ene mähri» merkezleriniň, saglyk öýleriniň, şypahanalaryň, dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň ähmiýetine aýratyn üns çekildi hem-de şeýle desgalaryň gurulmagynyň ynsan saglygy hakda edilýän aladalardan gözbaş alýandygy bellenildi.

Oguljemal HUDAÝBERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar