Kitaplar içinde bir kitap bar

7 Aprel 2021
824

Ýurdumyzyň dünýä belli Baýramaly şypahanasynda türkmen raýatlary bilen daşary ýurt myhmanlary hem saglygyny bejerdýärler. Aýna ýaly arassa wannalar, bejergi otaglary, ýatak jaýlary, şypaly howa adam synasynyň berkäp, ruhunyň arassalanmagyna, gözelleşmegine has oňaýly täsir edýär.

Şypahanadaky enjamlar öň süňňüňde känbir biynjalyk edip durmaýan derdiňi anyklap, onuň öňüni almaga ýardam edýär, çünki bu ýerde ösen dünýäniň iň kämil enjamlary ilatyň hyzmatynda goýlan. Fitobarda derman ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlar hödürlenýär.

Nurmyrat ATAÝEW,
Murgap etrabyndaky 15-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar