7-nji aprel — bütindünýä saglyk güni

5 Aprel 2021
1017

ROWAÇLYGA BESLENÝÄN ULGAM

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ynsan saglygy, halkymyzyň durmuş abadanlygy baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramak, sagdyn jemgyýeti berkarar etmek ugrunda belent sepgitlere ýetilýär. Bu ugurda durmuş-ykdysady maksatnamalara esaslanýan köpugurly işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde lukmançylyk, şypahana-dynç alyş maksatly desgalar gurlup, ulanylmaga berilýär. Milli Liderimiziň tagallasy bilen gurlup, ulanylmaga berilýän döwrebap lukmançylyk merkezleri, hassahanalar, bejeriş-keseliň öňüni alyş edaralary, enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezleri häzirki zaman tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylyşy we hödürleýän hyzmatlary babatda dünýäniň ösen lukmançylyk edaralary bilen bäsleşmäge ukyplydyr.

Gurban GURBANOW,
«Daşoguz habarlary».
Beýleki habarlar