Saglygym — bahasyz baýlygym

5 Aprel 2021
790

Ýurdumyzda ynsan saglygy ähli zatdan ileri tutulýar. Bu ugurda Diýarymyzda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Şoňa görä-de, Türkmenistan bütin dünýäde sagdynlygyň mekany hökmünde ykrar edilýär. Munuň özi ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň günsaýyn dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Ynsanyň baş baýlygy hasaplanylýan saglyk ähli üstünligiň gözbaşydyr. Bu ugurda hut Gahryman Arkadagymyzyň özi şahsy göreldesi bilen ildeşlerimizi sagdyn durmuş ýörelgelerine çagyrýar. Ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny yzygiderli we üstünlikli üpjün etmek bolsa, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan durmuş-ykdysady syýasatynyň düýp özenini düzýär. Munuň özi ýurdumyzda sagdyn jemgyýetiň kemala gelmeginiň möhüm şertleriniň biridir.

Aknur ATAÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar