Sagdynlygyň we ruhubelentligiň gözbaşy

6 Aprel 2021
930

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, bereketli ýaz paslynda her ýyl uly dabara bilen bellenilýän Bütindünýä saglyk güni ajaýyp baýramlaryň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň türkmen döwletiniň mizemez esaslaryny berkitmekde alyp barýan işleri demokratik ýörelgeleri, umumadamzat bähbidini nazarlaýan beýik işleri kalbymyzda uly buýsanç duýgusyny döredýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Bütindünýä saglyk güni täze mazmunly ýörelgeler bilen rowaçlandyrylýar, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleri işjeň ornaşdyrylýar, bedenterbiýe we sport wagyz edilýär.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň saglygy, ýaş nesillerimiziň bagtyýar, asuda ýaşaýşy barada alada edilip, häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda, köpçülikleýin bedenterbiýäni, olimpiýa hereketini, sport medeniýetini ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän iri sport hem-de atçylyk sport toplumlary, stadionlar, sport mekdepleri guruldy. Geljekde ýurdumyzyň sport abraýyny goramakda ýaş nesillerimizi taýýarlamak üçin paýtagtymyz Aşgabat şäherinde dünýä ölçegleriniň ähli talaplaryna doly laýyk gelýän Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň binalar toplumy, Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň edara binasy ulanylmaga berildi. Paýtagtymyz Aşgabatda sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesi, Golf sport toplumy bina edilip, döwrebap sport düzümleri döredildi. Raýatlarymyzyň saglygyny goramagyň, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamaklaryny üpjün etmegiň çäklerinde ýöriteleşdirilen keselleri anyklaýyş-bejeriş we sagaldyş merkezleri, hassahanalar, şypahanalar gurlup, halkymyzyň hyzmatyna berildi. Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini, parahatçylygy hem-de dostlukly gatnaşyklary rowaçlandyrmakda, bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty ösdürmekde uly işler durmuşa geçirilýär. Munuň özi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe belent ösüşleriň daýanjyna öwrülen sagdynlyk we ruhubelentlik ýörelgeleriň giňden rowaçlandyrylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Güljan BEKIÝEWA,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň redaktory.
Beýleki habarlar