Ynsan saglygy — durmuş-ykdysady syýasatyň baş ugry

6 Aprel 2021
1104

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 26-njy martynda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň wajypdygyny we onuň hemmetaraplaýyn ösdürilmeginiň durmuş ulgamyny nazarlaýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belläp, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşi we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin meýilnamasyny tassyklamak bilen baglanyşykly Karara gol çekdi.

«Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşiniň wezipelerinde ilatyň saglygyny goramak we keselleriň öňüni almak, keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmegi güýçlendirmek, saglygy goraýyş ulgamyny öňdebaryjy lukmançylyk ylmynyň we biliminiň gazananlarynyň esasynda özgertmek, maşgala lukmançylygy ýörelgesini kämilleşdirmek, elektron saglygy goraýşyny ösdürmek, ulgamyň kanunçylyk esaslaryny döwrebaplaşdyrmak hem-de onuň işini häzirki döwrüň talaplaryndan ugur alyp, halkara ölçeglerine laýyklykda guramak ýaly esasy ugurlar göz öňünde tutulýar.

Meretguly TANGIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň uly ylmy işgäri.
Beýleki habarlar