Saglyk ― ömrüň tylla täji

5 Aprel 2021
852

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyz bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Güneşli Diýarymyzyň ykdysady ösüşini belent sepgitlere ýetirmek, halkyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak, adamlaryň saglygyny gorap saklamak döwlet syýasatynyň esasy özenini düzýär.

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda milli saglygy goraýyş ulgamynyň düzümleri düýpli özgerdi. Aşgabat şäherinde hem-de welaýat merkezlerinde innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan saglyk merkezleridir ýöriteleşdirilen hassahanalaryň, saglyk öýleriniň gurulmagy, şypahanalaryň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilmegi «Döwlet adam üçindir!» diýen ajaýyp ýörelgämiziň miweleridir.

Ruslan RAHMATULLAÝEW,
welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň başlygynyň orunbasary.
Beýleki habarlar