Sagdynlygyň diýary

5 Aprel 2021
907

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak we ösdürmek, ilatyň saglygy barada alada etmek döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurdaky amala aşyrylýan oňyn özgertmeler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe jemgyýetimiziň we döwletiň iň gymmatly hazynasy bolup durýan adam we onuň saglygyny goramak baradaky aladany gurşap alýar.

Her ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä saglyk güni giňden bellenilip geçilýär, ýurdumyzyň ähli sebitleri uly ruhubelentlikde dürli sport çärelerine beslenýär. Saglyk gününiň dabaraly bellenilmegi ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde, kesellere garşy göreşmekde, sagdyn durmuş ýörelgesini işjeň wagyz etmekde Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan syýasatynyň düýp özenini düzýär.

Aziza IŞBAÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar