"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Saglygyň goragçysy

Welosiped sporty dünýäde sportuň iň giň ýaýran görnüşleriniň biridir. Türkmenistanda hem onuň uzak taryhy bar. Aşgabatda welosipedçileriň ilkinji jemgyýeti 1894-nji ýylda döredildi. Şondan bir ýyl soň welosipedçileriň ilkinji ýaryşy geçirildi. Bu bolsa ýurdumyzda sportuň şu görnüşini ösdürmegiň başyny başlady. Ýöne onuň hakyky ösüşlere beslenen taryhy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe başlanyp, şöhratly menzilleri Gahryman Arkadagymyzyň ady bilen berk baglanyşyklydyr. Welosiped sürmek nerw ulgamynyň işini kadalaşdyrmaga oňaýly täsir edýär.

Saglyga sygnyp ýaşa

Tomus möwsüminde howanyň aşa gyzmagy bilen baglanyşykly howpsuzlyk çärelerini üpjün etmegi unutmaň. Aşa yssyda Günden goranmak maksady bilen, mümkin boldugyndan meýdana çykmazlyga çalşyň.

Gün şöhlesiniň täsiri

Güneşe baý Diýarymyzda tomus paslynyň jöwzaly günleri dowam edýär. Tomus — zähmet rugsatlarynyň, medeniýetli dynç alyşlaryň gyzgalaňly döwri. Hut şu nukdaýnazardan, Gün şöhlesiniň peýdasy we Gün urmasyndan goranmagyň usullary barada gürrüň bermegi makul bildik. Gün uranda adamlaryň deri örtügi gyzaryp, guraksylanýar we ýadawlyk, kellagyry, baş aýlanma, mejalsyzlyk, aýaklarda agyry, kähalatlarda gaýtarmak, ýüregiň çalt urmasy, huşuňy ýitirmek, uka meýillilik, gulak şaňlamasy ýaly alamatlar ýüze çykýar. Şeýle-de, ejir çekeniň bedeniniň gyzgyny ýokarlanýar. Gün urana öz wagtynda kömek berilmese, onuň ýagdaýynyň agyrlaşmagy mümkindir.

Gün urmadan goranyň!

Şu günler okuw möwsüminiň tamamlanyp, çagalaryň şatlyk-şowhun bilen tomusky dynç alşa çykýan wagtlary. Çagalar bu güne sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Her bir çaganyň göwnünde dynç alşy nähili geçirmelidigi barada beslän arzuwlary bolýar. Şol arzuwlara ýetmek üçin olar özleriniň göwün söýen ýerlerine — dynç alyş-sagaldyş merkezlerine gidýärler. Sebäbi, tomusda iýmit zäherlenmesi, Gün urma ýaly ýagdaýlar kämahal duş gelýär. Şeýle ýagdaýda çagalara kellelerini başgap, saýawan ýaly zatlar bilen Günden goramagy düşündirmeli. Olara kiçilikden şahsy arassaçylygy hem-de zyýanly endikleriň adam bedenine getirýän zyýany barada öwretmeli. Şeýle-de köpçülik ýerlerinde 2 metr howpsuz aralygy saklamaly, agyz-burun örtüklerini ulanmaly. Elleri ýygy-ýygydan sabyn bilen ýuwup durmaly. Hemişe sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmagyň hem-de maşklary ýerine ýetirmegiň saglyk üçin ähmiýeti örän uludyr. Tomus günleri Gün urma köp duş gelýär. Çagalar howanyň ýagdaýyna seretmezden, daşarda oýnamagy halaýarlar. Tomusda çagalara gereginden artyk Günüň aşagynda oýnamak zyýanlydyr. Gün urmak, lukmanlaryň aýtmagy boýunça, aşa yssy günlerde Gün şöhlesiniň täsir etmegi netijesinde kelle-beýnä zeper ýetmegidir. Munuň sebäb

Röwşen geljegiň hatyrasyna

Mälim bolşy ýaly, 1-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde guralan dabaraly çärä gatnaşdy we onuň dowamynda merkezde bejergi alýan çagalar, olaryň ejeleri hem-de lukmanlar bilen gürrüňdeş bolup, hal-ýagdaýlary, bejerişiň berýän netijeleri bilen gyzyklandy. Biz hem wakanyň yzysüre merkeze baryp, hormatly Prezidentimiz bilen gürrüňdeş bolan çagalar, olaryň ejeleri, lukmanlar bilen söhbetdeşlik etdik. Hormatly Prezidentimiziň merkeze barmagy bilen baglanyşykly geçirilen hoşallyk maslahatyna gatnaşdyk. Ýurdumyzda eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak saglygy goraýyş ulgamynyň wajyp meseleleriniň biri bolup durýar. Türkmenistanda bu ugurda ylmy-barlag işleriniň geçirilmegi netijesinde çagalarda duş gelýän keselleri irki döwürde anyklamagyň we bejermegiň täze usullary esaslandyryldy.

Bütindünýä welosiped güni: Arkadagyň taglymaty — nesilleriň nurana geljegi

Öňler welosiped diýlende, diňe kakamyň alyp beren üç tigirli welosipedi bilen bagly gamsyz çagalygym — ilkinji «ulagymy» howluda bile oýnaýan joralaryma güjeňleýşim, ony sürüp öwrenýänçäm kösenmek kösenen pursatlarym, soňlugy bilen oglan jigime alnan tigirleri-de onuň özüne ýetirmän, sandan çykaran günlerim... indi hiç haçan gaýtalanmajak ýakymly ýatlamalar bolup kalbyma dolýardy. Çagakam özüm ýaly gyzjagazlar gurjak oýnanda, meň esasy güýmenjämiň näme sebäpden diňe welosiped bolanyny bolsa ha-as soň ejemiň aýdan gürrüňlerinden bilip galdym: asyl kakam ilkinji perzendiniň oglanjyk bolmagyny islän eken. Dogrusy, bu garaşylmadyk täzeligi eşidenimde, az-kem öýkeledimem, ýöne barybir «üç tigirli dostum» bilen geçiren çagalyk ýyllarymyň ýakymyny hiç zat bilen deňär ýaly däl... Wagtyň bir ýerde durmaýşy ýaly, adam aňy-da ösmek, kämilleşmek bilen. Welosipedli ýatlamalardan doly çagalygymyzam tigriň çarhlary kimin aýlanyp, duşumyzdan ötüp gitdi. Indi welosiped diýlende, göz öňümde has uly zatlar — umumydünýä bähbitli işler janlanýar. Dünýä derejeli baýramyň — Bütindünýä welosiped gününiň döredilmeginiň öňbaşçysy hormatly Prezidentimiziň şahsy göreldesi bilen amal edilýän başlangyçlar bolsa şol hataryň başyny çekýär. Milli Liderimiziň

Hemmämiz üçin, saglygymyz üçin

■ Jemgyýetçilik we köpçülik ýerlerinde 2 metr howpsuz aralygy saklaň! ■ Daşary çykanyňyzda agyz-burun örtüklerini dakynmagy ýatdan çykarmaň!

Gün urmagyndan goranyň!

Gün şöhlesi bedeniň immun ulgamyny pugtalandyrýar, gan aýlanyşygyny gowulandyrýar. Günüň çogy beden maşklary ýaly peýdalydyr, ol ýüregiň myşsalarynyň işjeňlik häsiýetini köpeldip, gan basyşyny kadalaşdyrýar. Ýöne muňa garamazdan, Günüň astynda aşa köp durulmagynyň zyýanlydygyny hem unutmaly däldir. Tomus paslynda yssyda Günüň ultramelewşe şöhleleriniň astynda aşa köp bolmaklyk adam bedenine özüniň ýaramaz täsirini ýetirýär. Şeýle ýagdaýlarda adamy Gün urmagy bolup geçýär. Ol howanyň gaty gyzmagynyň we Gün şöhleleriniň ýitileşmeginiň täsiri netijesinde döreýär.  Gün uranda, kelle gyzyp, näsag ilki ýadawlyk, gowşaklyk duýýar. Kellagyry, baş aýlanma, aýaklarda, arkada agyry döreýär. Şeýle alamatlara soňra gözüň garaňkyramagy, dem alşyň we ýüregiň urşunyň çaltlanmagy hem goşulýar. Näsaga öz wagtynda kömek bermelidir. Günüň astynda bolmagy dowam etdirýän näsagyň ýagdaýy beterleşip, ýüzüniň reňki gögümtil bolýar, endamy has gowşaýar, dem alşy, damar urşy peselýär. Gün uran näsag sandyrap, gyzdyryp, kähalatlarda onuň burny ganap, gan basyşy peselip biler.

Wagyz-nesihat çäresi

Saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Balkanabat şäher geňeşiniň we welaýat AIDS-iň öňüni alyş merkeziniň bilelikde guramaklarynda Çilimkeşlige garşy bütindünýä göreş güni mynasybetli Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Saglygy goraýyş işgärleriniň, talyp ýaşlaryň gatnaşmaklarynda geçen çärede sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek barada giňişleýin gürrüň edildi. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýaramaz endiklere garşy aýgytly göreş çäreleri alnyp barylýar. Şeýle çäreler jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, ýaşlaryň sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmagyny gazanmak ýaly işler bilen utgaşdyrylýar. Raýatlaryň saglygyny temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goramak, temmäkä garşy göreşmek, alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak, ilatyň fiziki işjeňligini ýokarlandyrmak babatda maksatnamalaryň, kanunlaryň kabul edilmegi ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak baradaky aladanyň ileri tutulýandygynyň subutnamasydyr. Wagyz-ündew çäresinde çilimiň adam saglygyna ýetirýän zyýany, bedenterbiýäniň, sportuň peýdasy barada aýratyn nygtaldy hem-de ýurdumyzy sagdynlygyň, ruhubelentligiň mekanyn

Sagdyn nesil — röwşen geljek

Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli welaýat enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň, Saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň welaýat geňeşiniň guramaklarynda welaýat kitaphanasynda «Sagdyn nesil — bagtyýar durmuş» atly şygar astynda geçirilen çärä saglygy goraýyş işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaş ata-eneler gatnaşdylar. Onda çykyş edenler bagtly çagalygyň mekany bolan ýurdumyzda çagalaryň hukuklaryny we saglygyny goramakda, berk bedenli, sagdyn ruhly nesilleri kemala getirmekde alnyp barylýan işler barada täsirli söhbet etdiler. Milli Liderimiziň ýaş nesliň beden we ruhy saglygy baradaky taýsyz tagallalarynyň, bu ugurda durmuşa geçirýän beýik işleriniň ähmiýetini buýsanç bilen nygtadylar. «Gahryman Arkadagymyz ýaş çagalary ene süýdi bilen iýmitlendirmek meselesine hemişe uly üns berýär. Çaga ata-ene üçin iňňän uly bagt we şatlykdyr. Çaganyň dünýä inen pursadyndan başlap ene süýdi bilen iýmitlendirilmegi örän möhümdir. Ene süýdi çaganyň sazlaşykly ösüşini üpjün edýär. Hormatly Prezidentimiziň atalyk aladasynyň netijesinde on bäş ýaşa ýetýänçä çagalara tölegsiz lukmançylyk hyzmatlary kepillendirilýär. Çagalaryň sagdyn ösüp-ulalmaklarynda bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklarynyň hem ähmiýe

Şatlykly pursatlara beslendi

1-nji iýunda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli paýtagtymyzda we tutuş ýurdumyzda Türkmenistanda ösüp gelýän nesliň hemmetaraplaýyn alada bilen gurşalyp alynýandygyny aýdyň görkezýän baýramçylyk çäreleri geçirildi. Ýaş raýatlaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, olaryň saglygyny berkitmek, ýokary hilli bilim almaklary üçin mümkinçilikleri döretmek milli Liderimiziň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Şunda aýratyn durmuş goldawyna mätäç bolan çagalara uly üns berilýär. Bu babatda Aşgabat şäherindäki Sagaldyş okuw-terbiýeçilik toplumyny anyk mysal hökmünde görkezmek bolar. Şol gün onda terbiýelenýänlere Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy. Ynsanperwerlik çäresine bu gaznanyň, ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim ministrlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili gatnaşdylar.

Ösüşleriň ak ýoly

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ähli ugurlar boýunça üstünlikleriň belent sepgitlerine eýe bolup, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna üstünlikli barýar. Ýakynda bolsa eziz Diýarymyzyň ähli ýerinde ak mermere bürenen paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy uly dabaralara beslenip bellenilip geçildi. Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan, onuň paýtagty Aşgabat düýpgöter özgerdi. Ýurdumyzda adamlaryň ýaşamagy, işlemegi, okamagy, dynç almagy we döretmegi üçin ähli mümkinçilikler döredildi.

Sagdyn durmuş ýörelgesi

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan oňyn ekologiýa syýasaty, türkmen tebigatynyň ajaýyplygyny we gözelliklerini gorap saklamaga we artdyrmaga gönükdirilen giň gerimli işleri netijesinde, Türkmenistanyň gözelligi hem-de hoştap howasy kalbyňy buýsançdan doldurýar. Ýurdumyzyň ekologiýa derejesi, tämiz, ajaýyp howasy adamlaryň ruhuny göterýär. Şunuň ýaly ajaýyp pursatlarda welosiped sürmek ynsan üçin aýratyn ähmiýetlidir. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäniň we ýokary netijeli sportuň ösdürilmegine, ugurdaş düzümleriň döwrebaplaşdyrylmagyna, giňeldilmegine gönükdirilen maksatnamalar durmuşa geçirilýär.

Künji ýagynyň peýdasy

Ilatyň saglygyny berkitmek, dürli keselleriň durnukly öňüni almak, raýatlaryň talabalaýyk iýmitlenmegini we sagdyn durmuşda uzak ýaşamagyny gazanmak babatda, şeýle hem ýokanç däl keselleriň öňüni almak maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde kabul edilen «Türkmenistanyň ilatynyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy hem-de şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy» Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer taglymatynyň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Kabul edilen resminamanyň esasy maksady sagdyn iýmitlenmegiň kadalaryny we düzgünlerini ornaşdyrmak arkaly ilatymyzyň saglygyny berkitmekden we keselleriň öňüni almakdan, raýatlaryň ömrüniň dowamlylygyny artdyrmakdan we sagdyn durmuşda uzak ýaşamagyny gazanmakdan ybaratdyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýerli telekeçilere we senagatçylara ýokary hilli we giň görnüşli ösümlik ýaglaryny öndürmäge mümkinçilik döredi. Milli Liderimiziň tagallalary netijesinde häzirki wagtda häzirkizaman tehnologiýalarynda öndürilen, import harytlaryň ornuny tutýan ýerli önümleri öndürmäge giň ýol açyldy. Şonuň bilen birlikde, güneşli Diýarymyzda ösýän ösümliklerden alynýan ýagla

Hazaryň merjen kenarynda

«Awaza» şypahanasynda şypahana bejergisini almak üçin Türkmenistanyň raýatlaryna özleriniň şahsyýetini tassyklaýan Türkmenistanyň raýatynyň pasportynyň, raýatlaryň ýaşaýan ýeri boýunça saglyk öýlerinden berilýän, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan tassyklanan şypahana kartasynyň, COVID-19 ýokanjyna garşy sanjym alandygy barada kepilnamasynyň hem-de aýratyn görkezmä çenli 72 sagadyň dowamynda gidilende we gaýdylanda, COVID-19 test barlagyndan geçendigi barada kepilnamasynyň bolmagy degişlidir. Ýokanç däl keselleriň öňüni almakda we dürli keselleriň dikeldiş bejergisinde şypahana bejergisiniň uly ähmiýetiniň bardygyny ylmy taýdan kesgitläp, mähriban Prezidentimiz milli tebigy mirasymyza hormat goýup, birnäçe ylmy kitaplary bize peşgeş berip, ulgam derejesinde hereket etmegini ýola goýdy. Berkarar döwletimiz şypahanalar mekanyna öwrüldi. Şypahanalaryň dünýäde tanalýan ähli görnüşleri biziň ajaýyp topragymyzda bar. Bulara tebigy klimatiki, läbik bejeriji, balneologik şypahanalarymyz bolan «Baýramaly», «Mollagara», «Arçman», «Ýyly suw», «Berzeňňi», «Farap», «Daşoguz», «Bagabat», «Awaza» şypahanalarymyz degişlidir. Täze we durky täzelenen binalarda anyklaýyş, bejeriş we suw bilen bejeriş bölümleri hereket edýär we olard

Saglygymyz öz elimizde

Alymlaryň barlaglarynyň netijesine görä, Gün şöhlesiniň gyzgynlygy ýylyň-ýylyna ýokarlanýar. Onuň ultramelewşe şöhleleriniň astynda aşa köp gezelenç etmek bolsa adam bedenine zyýan ýetirip biler. Gün bilen baglanyşykly iň giň ýaýran kynçylyklaryň biri hem bedeniň Güne ýanmasydyr. Şeýle-de, Gün urmak howpy tomsuna has ýokarlanýar. Şonuň üçin hem lukmanlar her bir adamyň gündiz sagat 11:00-dan 18:00 aralygynda Günüň aşagynda gezelenç etmezligi maslahat berýärler. Açyk howada gezelenç edilende, Gün urmadan goranmak üçin ak, açyk reňkli egin-eşik, kelläňe başgap geýmeli, ýaglyk atynmaly, saýawan götermeli, şeýle-de göreji goramak üçin Günden goraýjy äýnekleri dakynmaly. Gün urmanyň ilkinji alamatlary ýüze çykan mahalynda, ýagny gyzgynyň ýokarlansa, bedeniň deri örtügi gyzarsa, ýüregiň çalt ursa, kellagyry, baş aýlanma, ysgynsyzlyk, aýaklarda agyry duýulsa, gulaklaryň şaňlasa lukmana ýüz tutmaly.

Lukman maslahat berýär

■ Mikroorganizmleri ýok etmek maksady bilen tagamlary talabalaýyk we dogry taýýarlaň! ■ Jemgyýetçilik ýerlerinde howpsuz 2 metr aralygy saklamaly;

Gün şöhlesinden goranyň!

Şu günler howa aşa gyzýar. Jöwzaly howada Gün şöhlesiniň has ýiti düşýändigi sebäpli adam bedenine uly zyýan ýetmegi mümkin. Günüň ýiti ultramelewşe şöhlesi derimize we bedenimiziň içki agzalaryna ýaramaz täsir edýär. Şol sebäpden özümizi, esasan-da, körpeleri Günüň ýiti şöhlesinden goramalydyrys. Daşary çykanyňyzda, açyk reňkli nah matadan tikilen ýeňil, gysmaýan, giňräk eşikleri geýiň, kelläňizi başgap bilen örtüň we ýanyňyz bilen saýawan alyp çykyň!

Bagtly çagalygyň ýurdunda

1-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde guralan dabaraly çärä gatnaşdy. Bu baýramçylyk dünýä bileleşigi bilen raýdaşlygyň, döwletimiziň çagalaryň hukuklary we bähbitleri babatda BMG-niň esasy ýörelgelerine ygrarlylygynyň nyşany hökmünde ýurdumyzyň resmi baýramçylyk seneleriniň sanawyna girizildi. Şol gün paýtagtymyzda we tutuş ýurdumyzda bu şanly sene mynasybetli guralan hem-de Türkmenistanda ösüp gelýän nesliň hemmetaraplaýyn alada bilen gurşalyp alnandygyny aýdyň görkezýän baýramçylyk çäreleri geçirildi. Şeýle-de körpelere Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bagtly çagalygyň ýurdy we arzuwlaryň hasyl bolýan eziz Diýary bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda, «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelge esasynda, ösüp gelýän ýaş nesiller ählitaraplaýyn alada bilen gurşalýar. Şonuň esasynda, sazlaşykly ösýän, beden taýdan sagdyn, ýokary bilimli ýaş nesli terbiýelemäge, çagalaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin iň gowy şertleri döretmäge aýratyn üns berilýär. Türkmen jemgyýetini

Ýylylyk we gün urmada ilkinji kömek

Häzirki wagtda ýurdumyzda tomus pasly dowam edýär. Adatça, tomsuň yssy günlerinde Gün şöhlesiniň ýitileşmeginiň adamyň bedenine edýän ýaramaz täsiri netijesinde ýylylyk we Gün urmanyň emele gelmegi, käbir çylşyrymly gaýraüzülmeleriň döremegi mümkindir. Şu nukdaýnazardan, her bir adam ýylylyk we Gün urmanyň emele gelmeginiň öňüni almagyň düzgünlerini hökmany ýagdaýda öwrenip, zerur bolan halatynda ilkinji kömegi bermegi başarmalydyr. Ýylylyk urma — daşky gurşawyň ýokary ýylylygynyň uzak wagtlap dowam etmegi netijesinde adam bedeniniň ýylylyk sazlaşygynyň bozulmagydyr. Bu ýagdaý, bedeniň aşa gyzmagy, howanyň şemalsyz, ýokary derejede ygally bolmagynyň ýa-da aşa fiziki zähmet çekilmeginiň esasynda döräp biler.