Sagdyn nesil — röwşen geljek

2 Iýun 2021
802

Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli welaýat enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň, Saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň welaýat geňeşiniň guramaklarynda welaýat kitaphanasynda «Sagdyn nesil — bagtyýar durmuş» atly şygar astynda geçirilen çärä saglygy goraýyş işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaş ata-eneler gatnaşdylar. Onda çykyş edenler bagtly çagalygyň mekany bolan ýurdumyzda çagalaryň hukuklaryny we saglygyny goramakda, berk bedenli, sagdyn ruhly nesilleri kemala getirmekde alnyp barylýan işler barada täsirli söhbet etdiler. Milli Liderimiziň ýaş nesliň beden we ruhy saglygy baradaky taýsyz tagallalarynyň, bu ugurda durmuşa geçirýän beýik işleriniň ähmiýetini buýsanç bilen nygtadylar.

«Gahryman Arkadagymyz ýaş çagalary ene süýdi bilen iýmitlendirmek meselesine hemişe uly üns berýär. Çaga ata-ene üçin iňňän uly bagt we şatlykdyr. Çaganyň dünýä inen pursadyndan başlap ene süýdi bilen iýmitlendirilmegi örän möhümdir. Ene süýdi çaganyň sazlaşykly ösüşini üpjün edýär. Hormatly Prezidentimiziň atalyk aladasynyň netijesinde on bäş ýaşa ýetýänçä çagalara tölegsiz lukmançylyk hyzmatlary kepillendirilýär. Çagalaryň sagdyn ösüp-ulalmaklarynda bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklarynyň hem ähmiýeti uludyr» diýip, çärede çykyş edenler bellediler. «Çagalar biziň geljegimizdir», «Sagdyn dogruş — sagdyn enelik», «Dünýäniň bezegi siz, eýjejik çagalar!», «Gül çagalar şatlanýar» atly mowzuklar boýunça, şeýle hem çagalaryň kadaly ösüşi we dogry iýmitlendirilişi bilen baglanyşykly edilen çykyşlar täsirliligi bilen tapawutlandy. Enäniň we çaganyň saglygyny goramakda alnyp barylýan wagyz-ündew işleriniň ähmiýeti nygtaldy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe çagalaryň sagdyn, erkana we gülüp-oýnap ýaşamaklary üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza egsilmez alkyş aýdyldy.

(Öz habarçymyz).
Beýleki habarlar