Hazaryň merjen kenarynda

2 Iýun 2021
1337

«Awaza» şypahanasynda şypahana bejergisini almak üçin Türkmenistanyň raýatlaryna özleriniň şahsyýetini tassyklaýan Türkmenistanyň raýatynyň pasportynyň, raýatlaryň ýaşaýan ýeri boýunça saglyk öýlerinden berilýän, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan tassyklanan şypahana kartasynyň, COVID-19 ýokanjyna garşy sanjym alandygy barada kepilnamasynyň hem-de aýratyn görkezmä çenli 72 sagadyň dowamynda gidilende we gaýdylanda, COVID-19 test barlagyndan geçendigi barada kepilnamasynyň bolmagy degişlidir.

Ýokanç däl keselleriň öňüni almakda we dürli keselleriň dikeldiş bejergisinde şypahana bejergisiniň uly ähmiýetiniň bardygyny ylmy taýdan kesgitläp, mähriban Prezidentimiz milli tebigy mirasymyza hormat goýup, birnäçe ylmy kitaplary bize peşgeş berip, ulgam derejesinde hereket etmegini ýola goýdy. Berkarar döwletimiz şypahanalar mekanyna öwrüldi. Şypahanalaryň dünýäde tanalýan ähli görnüşleri biziň ajaýyp topragymyzda bar. Bulara tebigy klimatiki, läbik bejeriji, balneologik şypahanalarymyz bolan «Baýramaly», «Mollagara», «Arçman», «Ýyly suw», «Berzeňňi», «Farap», «Daşoguz», «Bagabat», «Awaza» şypahanalarymyz degişlidir. Täze we durky täzelenen binalarda anyklaýyş, bejeriş we suw bilen bejeriş bölümleri hereket edýär we olarda dynç alýanlar üçin ähli amatlyklary göz öňünde tutulan bir we iki orunlyk hem-de maşgalasy bilen gelenlere niýetlenen otaglar bar. Bu şypahanalarda hereket edýän anyklaýyş, bejeriş we suw bilen bejeriş bölümlerde keselleri anyklamak üçin we şypahana bejergisini geçirmek üçin zerur gerek bolan enjamlaryň göz öňünde tutulmagy, keselleri anyklaýyş çärelerini geçmäge we netijeli bejergileri kabul etmäge mümkinçilik berýär.

Ogulmähri GELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň direktory.
Beýleki habarlar