Bagtly çagalygyň ýurdunda

2 Iýun 2021
837

1-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde guralan dabaraly çärä gatnaşdy. Bu baýramçylyk dünýä bileleşigi bilen raýdaşlygyň, döwletimiziň çagalaryň hukuklary we bähbitleri babatda BMG-niň esasy ýörelgelerine ygrarlylygynyň nyşany hökmünde ýurdumyzyň resmi baýramçylyk seneleriniň sanawyna girizildi. Şol gün paýtagtymyzda we tutuş ýurdumyzda bu şanly sene mynasybetli guralan hem-de Türkmenistanda ösüp gelýän nesliň hemmetaraplaýyn alada bilen gurşalyp alnandygyny aýdyň görkezýän baýramçylyk çäreleri geçirildi. Şeýle-de körpelere Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bagtly çagalygyň ýurdy we arzuwlaryň hasyl bolýan eziz Diýary bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda, «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelge esasynda, ösüp gelýän ýaş nesiller ählitaraplaýyn alada bilen gurşalýar. Şonuň esasynda, sazlaşykly ösýän, beden taýdan sagdyn, ýokary bilimli ýaş nesli terbiýelemäge, çagalaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin iň gowy şertleri döretmäge aýratyn üns berilýär. Türkmen jemgyýetiniň ruhy gymmatlyklary, gadymdan gelýän däp-dessurlary we ahlak ýörelgeleri şol syýasatyň esasyny düzýär.

«Esger».
Beýleki habarlar