Gün urmadan goranyň!

3 Iýun 2021
935

Şu günler okuw möwsüminiň tamamlanyp, çagalaryň şatlyk-şowhun bilen tomusky dynç alşa çykýan wagtlary. Çagalar bu güne sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Her bir çaganyň göwnünde dynç alşy nähili geçirmelidigi barada beslän arzuwlary bolýar. Şol arzuwlara ýetmek üçin olar özleriniň göwün söýen ýerlerine — dynç alyş-sagaldyş merkezlerine gidýärler. Sebäbi, tomusda iýmit zäherlenmesi, Gün urma ýaly ýagdaýlar kämahal duş gelýär. Şeýle ýagdaýda çagalara kellelerini başgap, saýawan ýaly zatlar bilen Günden goramagy düşündirmeli. Olara kiçilikden şahsy arassaçylygy hem-de zyýanly endikleriň adam bedenine getirýän zyýany barada öwretmeli. Şeýle-de köpçülik ýerlerinde 2 metr howpsuz aralygy saklamaly, agyz-burun örtüklerini ulanmaly. Elleri ýygy-ýygydan sabyn bilen ýuwup durmaly. Hemişe sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmagyň hem-de maşklary ýerine ýetirmegiň saglyk üçin ähmiýeti örän uludyr.

Tomus günleri Gün urma köp duş gelýär. Çagalar howanyň ýagdaýyna seretmezden, daşarda oýnamagy halaýarlar. Tomusda çagalara gereginden artyk Günüň aşagynda oýnamak zyýanlydyr. Gün urmak, lukmanlaryň aýtmagy boýunça, aşa yssy günlerde Gün şöhlesiniň täsir etmegi netijesinde kelle-beýnä zeper ýetmegidir. Munuň sebäbi bedeniň suwy, mineral duzlary ýitirmegi bilen baglydyr. Tomsuň yssy günlerinde çagalara sagat 10.00-dan 18.00-a çenli açyk Günüň aşagynda gezmek maslahat berilmeýär. Gün şöhlesi adamyň saglygy üçin peýdaly hem bolsa, ony ýerlikli ulanmagy başarmaly. Gün şöhlesinden peýdalanmak üçin ir sagat 6.00-dan 10.00-a çenli, öýlän 18.00-dan soň iň amatly wagt hasap edilýär. Daşarda we çagalar baglarynda çagalar kölegelerde oýnamaly. Olara geýdirilýän eşikler nah matalardan bolmaly we açyk meýdanda çagalary başgapsyz gezdirmeli däl. Tomsuň yssy döwründe daglara, açyk meýdanlara gezelençleri guramak maslahat berilmeýär.

Güljan BEKIÝEWA,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň redaktory.
Beýleki habarlar