Bütindünýä welosiped güni: Arkadagyň taglymaty — nesilleriň nurana geljegi

2 Iýun 2021
816

Öňler welosiped diýlende, diňe kakamyň alyp beren üç tigirli welosipedi bilen bagly gamsyz çagalygym — ilkinji «ulagymy» howluda bile oýnaýan joralaryma güjeňleýşim, ony sürüp öwrenýänçäm kösenmek kösenen pursatlarym, soňlugy bilen oglan jigime alnan tigirleri-de onuň özüne ýetirmän, sandan çykaran günlerim... indi hiç haçan gaýtalanmajak ýakymly ýatlamalar bolup kalbyma dolýardy. Çagakam özüm ýaly gyzjagazlar gurjak oýnanda, meň esasy güýmenjämiň näme sebäpden diňe welosiped bolanyny bolsa ha-as soň ejemiň aýdan gürrüňlerinden bilip galdym: asyl kakam ilkinji perzendiniň oglanjyk bolmagyny islän eken. Dogrusy, bu garaşylmadyk täzeligi eşidenimde, az-kem öýkeledimem, ýöne barybir «üç tigirli dostum» bilen geçiren çagalyk ýyllarymyň ýakymyny hiç zat bilen deňär ýaly däl...

Wagtyň bir ýerde durmaýşy ýaly, adam aňy-da ösmek, kämilleşmek bilen. Welosipedli ýatlamalardan doly çagalygymyzam tigriň çarhlary kimin aýlanyp, duşumyzdan ötüp gitdi. Indi welosiped diýlende, göz öňümde has uly zatlar — umumydünýä bähbitli işler janlanýar. Dünýä derejeli baýramyň — Bütindünýä welosiped gününiň döredilmeginiň öňbaşçysy hormatly Prezidentimiziň şahsy göreldesi bilen amal edilýän başlangyçlar bolsa şol hataryň başyny çekýär. Milli Liderimiziň welosporty ösdürmek boýunça amala aşyrýan işlerini, ýurdumyzda bu ugurda gazanylan üstünlikleri birin-birin sanap oturmaga bir gazet makalasynyň juda azlyk etjekdigi düşnükli. Biz onuň netijelerini her ädimde görüp-bilip, sagdynlyk ruhy bilen gurşalan döwrümiziň taryhy wakalaryna dahylly bolup, olara buýsanyp ýaşaýarys. Biz diýsek, diňe türkmenistanlylar däl, tutuş Ýer ýüzi bu gün Bütindünýä welosiped gününi döretmegiň gözbaşynda duran türkmen Liderini alkyşlaýar!

Aýgül RAHYMOWA,
«Nesil».
Beýleki habarlar