Gün şöhlesiniň täsiri

3 Iýun 2021
765

Güneşe baý Diýarymyzda tomus paslynyň jöwzaly günleri dowam edýär. Tomus — zähmet rugsatlarynyň, medeniýetli dynç alyşlaryň gyzgalaňly döwri. Hut şu nukdaýnazardan, Gün şöhlesiniň peýdasy we Gün urmasyndan goranmagyň usullary barada gürrüň bermegi makul bildik.

Gün uranda adamlaryň deri örtügi gyzaryp, guraksylanýar we ýadawlyk, kellagyry, baş aýlanma, mejalsyzlyk, aýaklarda agyry, kähalatlarda gaýtarmak, ýüregiň çalt urmasy, huşuňy ýitirmek, uka meýillilik, gulak şaňlamasy ýaly alamatlar ýüze çykýar. Şeýle-de, ejir çekeniň bedeniniň gyzgyny ýokarlanýar. Gün urana öz wagtynda kömek berilmese, onuň ýagdaýynyň agyrlaşmagy mümkindir.

Aýlar ÝAÝLYMOWA,
Aşgabat şäheriniň 5-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany.
Beýleki habarlar