Gün urmagyndan goranyň!

2 Iýun 2021
773

Gün şöhlesi bedeniň immun ulgamyny pugtalandyrýar, gan aýlanyşygyny gowulandyrýar. Günüň çogy beden maşklary ýaly peýdalydyr, ol ýüregiň myşsalarynyň işjeňlik häsiýetini köpeldip, gan basyşyny kadalaşdyrýar. Ýöne muňa garamazdan, Günüň astynda aşa köp durulmagynyň zyýanlydygyny hem unutmaly däldir. Tomus paslynda yssyda Günüň ultramelewşe şöhleleriniň astynda aşa köp bolmaklyk adam bedenine özüniň ýaramaz täsirini ýetirýär. Şeýle ýagdaýlarda adamy Gün urmagy bolup geçýär. Ol howanyň gaty gyzmagynyň we Gün şöhleleriniň ýitileşmeginiň täsiri netijesinde döreýär. 

Gün uranda, kelle gyzyp, näsag ilki ýadawlyk, gowşaklyk duýýar. Kellagyry, baş aýlanma, aýaklarda, arkada agyry döreýär. Şeýle alamatlara soňra gözüň garaňkyramagy, dem alşyň we ýüregiň urşunyň çaltlanmagy hem goşulýar. Näsaga öz wagtynda kömek bermelidir. Günüň astynda bolmagy dowam etdirýän näsagyň ýagdaýy beterleşip, ýüzüniň reňki gögümtil bolýar, endamy has gowşaýar, dem alşy, damar urşy peselýär. Gün uran näsag sandyrap, gyzdyryp, kähalatlarda onuň burny ganap, gan basyşy peselip biler.

Toýbibi GULMÄMMEDOWA,
welaýat AIDS-iň öňüni alyş merkeziniň baş lukmany.
Beýleki habarlar