Saglygymyz öz elimizde

2 Iýun 2021
778

Alymlaryň barlaglarynyň netijesine görä, Gün şöhlesiniň gyzgynlygy ýylyň-ýylyna ýokarlanýar. Onuň ultramelewşe şöhleleriniň astynda aşa köp gezelenç etmek bolsa adam bedenine zyýan ýetirip biler. Gün bilen baglanyşykly iň giň ýaýran kynçylyklaryň biri hem bedeniň Güne ýanmasydyr. Şeýle-de, Gün urmak howpy tomsuna has ýokarlanýar. Şonuň üçin hem lukmanlar her bir adamyň gündiz sagat 11:00-dan 18:00 aralygynda Günüň aşagynda gezelenç etmezligi maslahat berýärler. Açyk howada gezelenç edilende, Gün urmadan goranmak üçin ak, açyk reňkli egin-eşik, kelläňe başgap geýmeli, ýaglyk atynmaly, saýawan götermeli, şeýle-de göreji goramak üçin Günden goraýjy äýnekleri dakynmaly.

Gün urmanyň ilkinji alamatlary ýüze çykan mahalynda, ýagny gyzgynyň ýokarlansa, bedeniň deri örtügi gyzarsa, ýüregiň çalt ursa, kellagyry, baş aýlanma, ysgynsyzlyk, aýaklarda agyry duýulsa, gulaklaryň şaňlasa lukmana ýüz tutmaly.

Eziz BABAGULYÝEW,
Aşgabat şäher hassahanasynyň hirurgiýa bölüminiň lukmany.
Beýleki habarlar