Wagyz-nesihat çäresi

2 Iýun 2021
1060

Saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Balkanabat şäher geňeşiniň we welaýat AIDS-iň öňüni alyş merkeziniň bilelikde guramaklarynda Çilimkeşlige garşy bütindünýä göreş güni mynasybetli Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Saglygy goraýyş işgärleriniň, talyp ýaşlaryň gatnaşmaklarynda geçen çärede sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek barada giňişleýin gürrüň edildi.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýaramaz endiklere garşy aýgytly göreş çäreleri alnyp barylýar. Şeýle çäreler jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, ýaşlaryň sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmagyny gazanmak ýaly işler bilen utgaşdyrylýar. Raýatlaryň saglygyny temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goramak, temmäkä garşy göreşmek, alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak, ilatyň fiziki işjeňligini ýokarlandyrmak babatda maksatnamalaryň, kanunlaryň kabul edilmegi ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak baradaky aladanyň ileri tutulýandygynyň subutnamasydyr. Wagyz-ündew çäresinde çilimiň adam saglygyna ýetirýän zyýany, bedenterbiýäniň, sportuň peýdasy barada aýratyn nygtaldy hem-de ýurdumyzy sagdynlygyň, ruhubelentligiň mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyşly sözler aýdyldy.

Muhammet MYRADOW.
Beýleki habarlar