Şatlykly pursatlara beslendi

2 Iýun 2021
718

1-nji iýunda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli paýtagtymyzda we tutuş ýurdumyzda Türkmenistanda ösüp gelýän nesliň hemmetaraplaýyn alada bilen gurşalyp alynýandygyny aýdyň görkezýän baýramçylyk çäreleri geçirildi.

Ýaş raýatlaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, olaryň saglygyny berkitmek, ýokary hilli bilim almaklary üçin mümkinçilikleri döretmek milli Liderimiziň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Şunda aýratyn durmuş goldawyna mätäç bolan çagalara uly üns berilýär. Bu babatda Aşgabat şäherindäki Sagaldyş okuw-terbiýeçilik toplumyny anyk mysal hökmünde görkezmek bolar. Şol gün onda terbiýelenýänlere Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy. Ynsanperwerlik çäresine bu gaznanyň, ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim ministrlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili gatnaşdylar.

«Watan».
Beýleki habarlar