"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä Söwda Guramasynyň Baş direktory bilen duşuşdy

Nýu-Ýork, 18-nji sentýabr (TDH). Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji sessiýasyna gatnaşýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) Baş direktory hanym Ngozi Okonjo-Iweala bilen duşuşdy. Döwlet Baştutanymyz we iri halkara söwda guramasynyň ýolbaşçysy mähirli salamlaşyp, hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny, ony ösdürmegiň geljegini söhbetdeşlikde ara alyp maslahatlaşmak üçin dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Umumy pikire görä, şu günki duşuşygyň netijeleri hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin ygtybarly binýat bolar.

Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Nýu-Ýork, 18-nji sentýabr (TDH). Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş sapary bilen bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşdy. Hormatly Prezidentimiz Nýu-Ýorkda geçýän duşuşyga örän şatdygyny nygtap, bu gepleşikleriň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň täze ýollaryny kesgitlemäge, ony mundan beýläk-de giňeltmäge kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi. Bellenilişi ýaly, deňhukuklylyk, özara bähbitlilik, hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-koreý gatnaşyklary okgunly ösüşe eýe boldy hem-de ösüşini yzygiderli dowam etdirip, hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy bilen duşuşdy

Nýu-Ýork, 18-nji sentýabr (TDH). Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel bilen duşuşdy. Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň meýdançalarynda Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Şol gatnaşyklar soňky ýyllarda hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyryldy.

Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýoly arkaly hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşyldy

Gazagystan bilen Eýranyň iki ýurduň arasyndaky ulag we üstaşyr aragatnaşygyny güýçlendirmekde uly mümkinçilikleri bar. Bu barada BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň çäginde Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen onuň eýranly kärdeşi Ebrahim Raisiniň arasynda Nýu-Ýorkda geçirilen duşuşykda mälim edildi. Hususan-da, taraplar Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýoluny Hazaryň üsti bilen özara söwdany we ulag aragatnaşygyny ösdürmegiň esasy ugry hökmünde ulanmagyň giň mümkinçiliklerini bellediler diýlip, Gazagystanyň Prezidentiniň Metbugat gullugy habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli Nýu-Ýorkda ýokary derejeli Maslahaty çagyrmagy teklip etdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Nýu-Ýork şäherinde, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisindäki çykyşynyň barşynda Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli ýokary derejeli Maslahaty çagyrmagy teklip etdi. Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, BMG-niň jogapkärçilikli agza döwleti hökmünde Türkmenistan ileri tutulýan ugurlary belläp, öz çemeleşmelerini we hereketlerini anyk beýan edýär hem-de durmuşa geçirýär. Bu ugurlar boýunça Türkmenistanyň goşandy görnükli bolar we umumydünýä maksatlarynyň bähbidine hyzmat eder, olaryň çalt gazanylmagyna ýardam berer.

Sebit hyzmatdaşlygy: täze ösüşlere täze badalga

Şu ýylyň 14-nji sentýabrynda Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygy sebitleýin hyzmatdaşlygyň ajaýyp mysaly, parahatçylygy hem durnukly ösüşi berkitmäge taýynlygyny görkezýän taryhy waka boldy. Sammitiň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşygynda gadymdan gelýän dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk däplerine daýanýan özara gatnaşyklaryň deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýandygy bellenildi. Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Baştutanlarynyň Duşenbe forumyna ilkinji gezek bu sebitde ýerleşmeýän döwletiň — goňşy Azerbaýjanyň Prezidenti, şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga çagyryldy.

Dost-doganlyk sarpasy

Türkmenistanyň sebitde we dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmak, halklaryň eşretli durmuşyny üpjün etmek, ykdysady ösüşi berkitmek ugrunda öňe sürýän başlangyçlary bu gün dünýä jemgyýetçiliginde uly goldaw tapýar. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçiren tutumly işleri, asylly başlangyçlary aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Munuň şeýledigini Milli Liderimiziň Merkezi Aziýa döwletleriniň Döwlet Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynyň geçýän günlerinde Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmonyň çakylygy boýunça Duşenbe şäherine amala aşyran saparynyň çäklerinde bolup geçen ajaýyp waka hem aýdyň subut edýär. Duşenbe duşuşygy tamamlanandan soňra, oňa gatnaşyjy döwletleriň Prezidentleriniň gatnaşmagynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşanynyň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Bu sylag, şol bir wagtyň özünde, tutuş halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine, dostana gatnaşyklaryna hem-de goňşara asudalyga goýýan gadyr-gymmatyny hem şöhlelendirýär. Gahryman Arkadagymyzyň bu ýokary sylaga mynasyp bolmagy Duşenbe sammitiniň özboluşly wakasyna öwrüldi diýsek dogry bolar. Sebäbi Milli Lid

Bagtdan paýlydyr türkmen ykbaly, Ata Watan bütin dünýäň ykrary

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 14–15-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygyna hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň forumyndaky çykyşynda hormatly Prezidentimiz döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegi we özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmagy sebitiň ýurtlarynyň öňünde duran ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Şunuň bilen baglylykda, söwdany ösdürmekde bilelikdäki ädimleri utgaşdyrmak, Merkezi Aziýa bazarynyň geljekki ykdysady subýektleriniň ählisiniň täjirçilik bähbitlerini üpjün etmek, iri sebit taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin maýa goýumlary çekmek maksady bilen, Merkezi Aziýa Söwda edarasyny döretmek meselesine garamak teklip edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisindäki ÇYKYŞY

(Duşenbe şäheri, 2023-nji ýylyň 15-nji sentýabry) Hormatly döwlet Baştutanlary!

Halkara hünärmenleri okuw sapagyny geçdiler

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň durmuş syýasaty bölüminiň hünärmeni Aýsenem Agabaýewanyň we şol guramanyň Özbegistan Respublikasyndaky wekilhanasynyň çagalar goraglylygy bölüminiň hünärmeni Diana Isaýewanyň guramaklarynda okuw sapagy geçirildi. Institutda durmuş işi taýýarlyk ugrunyň okuw meýilnamalaryny, maksatnamalaryny kämilleşdirmek hem-de bu ugruň jemgyýetdäki ornuny we wezipesini has-aýdyňlaşdyrmak maksady bilen geçirilen okuw sapagy üç günläp dowam etdi. Onuň ilkinji gününde institutyň professor-mugallymlarynyň, Aşgabat şäheriniň durmuş taýdan hyzmat edýän edarasynyň hünärmenleriniň, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Durmuş üpjünçiligi müdirliginiň hem-de gartaşan adamlara we maýyplygy bolan adamlara durmuş taýdan hyzmat edýän edarasynyň hünärmenleriniň özara pikir alyşmalary geçirildi.

Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy — ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzasy

Bu hoş habar barada ýakynda ÝUNESKO-nyň Sekretariatynyň Sosial we ynsanperwer ylymlary bölümçesiniň syýasat we maksatnamalar meseleleri boýunça direktory Anžela Melo öz hatynda beýan etdi. Žurnalymyzyň gadyrly okyjylary, siz bilýänsiňiz, ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty esasynda ýaşlar hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Häzirki wagtda jemgyýetimiziň geljegi bolan ýaşlara ählitaraplaýyn goldaw berilýär. Olarda mukaddes Watana, baý tebigata söýgi, dost-doganlyk gatnaşyklaryna, maşgala gymmatlyklaryna, zähmete, sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlylygy terbiýelemeklige aýratyn üns berilýär.

Türkmenistan ulag geçelgeleri arkaly sebitara gatnaşyklary berkitmäge gatnaşýar

Golaýda Stambulda Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) demir ýol administrasiýalarynyň ýolbaşçylarynyň 2-nji duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Mirwohid Azimow ýolbaşçylyk etdi. Duşuşyga TDG-niň Baş sekretary K.Omuraliýew, şeýle hem Özbegistanyň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň, Azerbaýjanyň we Gazagystanyň demir ýol kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we başlyklarynyň orunbasarlary, Türkmenistandan bolsa «Türkmendemirýollary» agentliginiň başlygy Azat Atamyradowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.

Merkezi Aziýa: täze gözýetimler, anyk ädimler

Şu ýylyň 14-15-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygyna hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşyp, taryhy çykyş etdi, birnäçe başlangyçlary öňe sürdi. Duşenbe şäherinde geçirilen sammitleriň ikisi we olaryň çäginde ýaýbaňlandyrylan ugurdaş çäreler sebitleýin hyzmatdaşlygy dürli ugurlarda has-da ösdürmäge täze mümkinçilikleri açdy. Mälim bolşy ýaly, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda sebit boýunça goňşy döwletler bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmagyň we giňeltmegiň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sammitde eden çuň manyly, ylmy taýdan esaslandyrylan çykyşynda öňe süren başlangyçlaryndan görnüşi ýaly, Türkmenistan sebit hyzmatdaşlygynyň meselelerine ähli taraplaryň bähbitlerini nazara almak, özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda çemeleşýär. Döwlet Baştutanymyz çykyşynda ýurtlarymyzyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň we özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmagyň möhüm wezipe bolup durýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa

Döwletara gatnaşyklar üns merkezinde

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 14-15-nji sentýabrda Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygyna we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşyp, sebit hyzmatdaşlygyny dürli ugurlarda ilerletmek bilen bagly anyk teklipleri öz içine alýan çuň manyly çykyş etdi. Bu sammitleriň gün tertibine girizilen meseleler Merkezi Aziýa ýurtlarynyň köptaraplaýyn gatnaşyklarynda bolşy ýaly, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak nukdaýnazaryndan hem möhüm ähmiýete eýe boldy. Şu mynasybetli dostlukly döwletleriň metbugat neşirlerinde, internet saýtlarynda-da özara gatnaşyklaryň dürli ugurlaryna bagyşlanan makalalara, seljerme häsiýetli teswirlere giň orun berildi. Duşenbe sammitleriniň Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna gabat gelendigini aýratyn nygtamak zerurdyr. Şoňa görä-de, şu günlerde bu şanly senä bagyşlanan ýörite žurnalyň çap edilmegi okyjylara türkmen-täjik gatnaşyklarynyň dürli ugurlarynda gazanylan üstünlikler bilen giňişleýin tanyşmaga mümkinçilik berdi. Rus dilinde çapdan çykan neşirde Türkmenistan hem-de Täjigistan barada umumy düşünje

Aral meselesi boýunça tagallalar birleşdirilýär

Hormatly Prezidentimiz Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň sammitine gatnaşdy 15-nji sentýabrda Täjigistan Respublikasynda iş saparynda bolmagynyň çäklerinde döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy.

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen Ýaponiýanyň «NEC Telecommunication Information Technologies Ltd.Sti» kompaniýasynyň arasynda aragatnaşyk pudagyny özgertmek babaynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy

Şu gün, 18-nji sentýabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygynyň we degişli wekilleriniň hem-de «NEC Telecommunication Information Technologies Ltd.Sti» kompaniýasynyň prezidenti Naoki Nakamuranyň ýolbaşçylyk etmeginde wekiliýetiň  gatnaşmagynda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda duşuşyk geçirildi. Hususan-da duşuşygyň çäklerinde, 2023-nji ýylyň 2-nji iýulynda Arkadag şäherinde «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen «NEC Telecommunication Information Technologies Ltd.Sti» kompaniýasynyň arasynda gol çekilen Ähtnama laýyklykda alnyp barylýan işler we öňde goýulan maksatlar ara alnyp maslahatlaşyldy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda öňe süren teklipleri

■ BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk boýunça dialog maslahatyny döretmek teklip edildi. Ýurdumyz şeýle dialogyň ilkinji mejlisini 2024-nji ýylda Türkmenistanda geçirmek üçin taýýardyr. ■ BMG-niň degişli edaralary bilen BMG-niň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasynyň oňaýly formatyny we düzümini kesgitlemek boýunça maslahatlaşmalary geçirip başlamak teklip edildi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşindäki mejlisinde öňe süren teklipleri

■ Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek hem-de geljekki işleriň maksatlarynydyr wezipelerini kesgitlemek boýunça çäreleri işjeňleşdirmek teklip edildi. ■ Sebitiň ekologik meselelerine strategik çemeleşmäni kemala getirmekde möhüm ädim hökmünde ýöriteleşdirilen düzümi — Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek teklip edildi.

Gadymy goňşuçylyk ýörelgeleri

SEBIT GATNAŞYKLARYNYŇ BINÝADYNDA DURMAK BILEN, DUŞENBE DUŞUŞYKLARY IŇ TÄZE TARYHA ALTYN HARPLAR BILEN ÝAZYLAR Bizi diňe ýollar däl-de, ýürekler, ynam we maksatlar hem ýakynlaşdyrýar. Ýürek ýakyn bolanda birek-birege ynam artyp, maksatlar aýdyň, geljegi nazarlaýan häsiýete eýe bolýar. Sebitiň döwletleriniň taryhy kökleriniň bir umumylykdan gözbaş almagy, halklarynyň asyrlaryň dowamynda birek-birek bilen oňyn goňşuçylyk gatnaşygynda bolmagy Merkezi Aziýa ýurtlaryna häzirki wagtda hoşniýetli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, sebitiň giň mümkinçiliklerini özara bähbitli esasda peýdalanmaga uly mümkinçilik berýär. Muny Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygy we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi, onda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan geljegi nazarlaýan çuňňur mazmunly başlangyçlaryň — anyk teklipleriň öňe sürülmegi aýdyňlygy bilen tassyklaýar.

Duşenbe duşuşyklary: umumy binýada daýanyp, täze belentliklere tarap

Merkezi Aziýa asyrlaryň jümmüşine kök uran beýik taryhy bilen, ummasyz energiýa gorlary bilen, ägirt uly mümkinçilikleri bilen, Beýik Ýüpek ýoluny ugrukdyran oňyn-oňaýly geografik ýerleşişi bilen, iň esasysy-da, asyrlaryň aýlawynda bir derýanyň suwuny içip, oňşukly-ylalaşykly ýaşaşyp gelen, köki bir, ruhy bir, dost-dogan halklary bilen özboluşly keşbe eýe bolan sebitdir. Geçmişden şu güne deňiç möhüm ykdysady, syýasy, medeni merkezdir. Bu sebitiň dünýäniň iri syýasy-ykdysady zolaklary bilen jebis gatnaşykly-galtaşyklydygyny, Aziýadyr Ýewropanyň arasyndaky möhüm köprüdigini göz öňünde tutanyňda hem onuň geosyýasy, geoykdysady ähmiýetine aň ýetirmek bolýar. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň taryhynyň bitewi bolşy ýaly, geljeginiň hem köp babatda umumydygy tagallalary birleşdirmegiň möhümligini has-da artdyrýar. Şoňa görä-de, soňky wagtlarda sebitleýin hyzmatdaşlyk barha we barha ilerlemek, işjeňleşmek bilen. 14-15-nji sentýabrda Täjigistanyň paýtagty gözel Duşenbede bolup geçen wakalar — Merkezi Aziýa döwletleriniň bäşinji konsultatiw duşuşygy, Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi munuň şeýledigini ýene bir gezek tassyklady. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şol günlerde dos