Halkara hünärmenleri okuw sapagyny geçdiler

19 Sentýabr 2023
509

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň durmuş syýasaty bölüminiň hünärmeni Aýsenem Agabaýewanyň we şol guramanyň Özbegistan Respublikasyndaky wekilhanasynyň çagalar goraglylygy bölüminiň hünärmeni Diana Isaýewanyň guramaklarynda okuw sapagy geçirildi.

Institutda durmuş işi taýýarlyk ugrunyň okuw meýilnamalaryny, maksatnamalaryny kämilleşdirmek hem-de bu ugruň jemgyýetdäki ornuny we wezipesini has-aýdyňlaşdyrmak maksady bilen geçirilen okuw sapagy üç günläp dowam etdi. Onuň ilkinji gününde institutyň professor-mugallymlarynyň, Aşgabat şäheriniň durmuş taýdan hyzmat edýän edarasynyň hünärmenleriniň, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Durmuş üpjünçiligi müdirliginiň hem-de gartaşan adamlara we maýyplygy bolan adamlara durmuş taýdan hyzmat edýän edarasynyň hünärmenleriniň özara pikir alyşmalary geçirildi.

Ogulşat HUDAÝBERENOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy, ilkinji zenanlar guramasynyň agzasy.
Beýleki habarlar