Sebit hyzmatdaşlygy: täze ösüşlere täze badalga

19 Sentýabr 2023
388

Şu ýylyň 14-nji sentýabrynda Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygy sebitleýin hyzmatdaşlygyň ajaýyp mysaly, parahatçylygy hem durnukly ösüşi berkitmäge taýynlygyny görkezýän taryhy waka boldy. Sammitiň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşygynda gadymdan gelýän dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk däplerine daýanýan özara gatnaşyklaryň deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýandygy bellenildi.

Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Baştutanlarynyň Duşenbe forumyna ilkinji gezek bu sebitde ýerleşmeýän döwletiň — goňşy Azerbaýjanyň Prezidenti, şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga çagyryldy.

Oguljemal NURMYRADOWA,
«Ahal durmuşy».
Beýleki habarlar