Dost-doganlyk sarpasy

19 Sentýabr 2023
545

Türkmenistanyň sebitde we dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmak, halklaryň eşretli durmuşyny üpjün etmek, ykdysady ösüşi berkitmek ugrunda öňe sürýän başlangyçlary bu gün dünýä jemgyýetçiliginde uly goldaw tapýar. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçiren tutumly işleri, asylly başlangyçlary aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Munuň şeýledigini Milli Liderimiziň Merkezi Aziýa döwletleriniň Döwlet Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynyň geçýän günlerinde Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmonyň çakylygy boýunça Duşenbe şäherine amala aşyran saparynyň çäklerinde bolup geçen ajaýyp waka hem aýdyň subut edýär. Duşenbe duşuşygy tamamlanandan soňra, oňa gatnaşyjy döwletleriň Prezidentleriniň gatnaşmagynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşanynyň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Bu sylag, şol bir wagtyň özünde, tutuş halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine, dostana gatnaşyklaryna hem-de goňşara asudalyga goýýan gadyr-gymmatyny hem şöhlelendirýär.

Gahryman Arkadagymyzyň bu ýokary sylaga mynasyp bolmagy Duşenbe sammitiniň özboluşly wakasyna öwrüldi diýsek dogry bolar. Sebäbi Milli Liderimiz ýurdumyza Baştutanlyk eden ýyllarynda sebit döwletleri bilen hyzmatdaşlygyň berkemegine, Merkezi Aziýada parahatçylygyň berkarar edilmegine aýratyn uly goşant goşdy. Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygy tamamlanandan soňra, «Kasri Millat» köşgüniň maslahatlar zalynda Gahryman Arkadagymyzy degişli Hormat nyşany bilen sylaglamak dabarasyny synlanymyzda öz Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza bolan buýsanjymyz, Watanymyza bolan söýgimiz has-da ganatlandy. Çünki dabaranyň dowamynda Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmonyň sebitiň Liderleri tarapyndan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglamak hakynda biragyzdan çözgüdiň kabul edilendigi barada habar bermegi diňe bir Gahryman Arkadagymyzyň däl, eýsem tutuş halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine, Watanymyzyň ösüşlerine berlen beýik bahadyr. Munuň şeýledigini Gahryman Arkadagymyzyň öz işine berlen şeýle ýokary baha üçin sebit ýurtlarynyň Liderlerine çuňňur minnetdarlygyny bildirip, bu sylagy, ilkinji nobatda, ähli türkmen halkyna hormatyň nyşany hökmünde kabul edýändigi baradaky aýdanlary hem aýdyň subut edýär. Milli Liderimiz bu nyşana Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda dostlugy, hoşniýetli goňşuçylygy, özara düşünişmegi we hyzmatdaşlygy ösdürmekde, sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmakda, halkara bileleşikde sebit döwletleriniň bilelikdäki bähbitlerinidir başlangyçlaryny ilerletmekde bitiren hyzmatlary üçin mynasyp boldy. Goý, halkymyzy bagtyň gujagynda ýaşadýan hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleri rowaçlyklara beslensin!

Aýjemal TAÝLAKOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Patologiki fiziologiýa kafedrasynyň mugallymy.
Beýleki habarlar