Gadymy goňşuçylyk ýörelgeleri

18 Sentýabr 2023
343

SEBIT GATNAŞYKLARYNYŇ BINÝADYNDA DURMAK BILEN, DUŞENBE DUŞUŞYKLARY IŇ TÄZE TARYHA ALTYN HARPLAR BILEN ÝAZYLAR

Bizi diňe ýollar däl-de, ýürekler, ynam we maksatlar hem ýakynlaşdyrýar. Ýürek ýakyn bolanda birek-birege ynam artyp, maksatlar aýdyň, geljegi nazarlaýan häsiýete eýe bolýar. Sebitiň döwletleriniň taryhy kökleriniň bir umumylykdan gözbaş almagy, halklarynyň asyrlaryň dowamynda birek-birek bilen oňyn goňşuçylyk gatnaşygynda bolmagy Merkezi Aziýa ýurtlaryna häzirki wagtda hoşniýetli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, sebitiň giň mümkinçiliklerini özara bähbitli esasda peýdalanmaga uly mümkinçilik berýär. Muny Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygy we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi, onda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan geljegi nazarlaýan çuňňur mazmunly başlangyçlaryň — anyk teklipleriň öňe sürülmegi aýdyňlygy bilen tassyklaýar.

Artykguly HOJABERDIÝEW,
«Nesil». Aşgabat — Duşenbe — Aşgabat.
Beýleki habarlar