Bagtdan paýlydyr türkmen ykbaly, Ata Watan bütin dünýäň ykrary

19 Sentýabr 2023
376

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 14–15-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygyna hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň forumyndaky çykyşynda hormatly Prezidentimiz döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegi we özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmagy sebitiň ýurtlarynyň öňünde duran ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Şunuň bilen baglylykda, söwdany ösdürmekde bilelikdäki ädimleri utgaşdyrmak, Merkezi Aziýa bazarynyň geljekki ykdysady subýektleriniň ählisiniň täjirçilik bähbitlerini üpjün etmek, iri sebit taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin maýa goýumlary çekmek maksady bilen, Merkezi Aziýa Söwda edarasyny döretmek meselesine garamak teklip edildi.

TDH-nyň maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar