Duşenbe duşuşyklary: umumy binýada daýanyp, täze belentliklere tarap

18 Sentýabr 2023
549

Merkezi Aziýa asyrlaryň jümmüşine kök uran beýik taryhy bilen, ummasyz energiýa gorlary bilen, ägirt uly mümkinçilikleri bilen, Beýik Ýüpek ýoluny ugrukdyran oňyn-oňaýly geografik ýerleşişi bilen, iň esasysy-da, asyrlaryň aýlawynda bir derýanyň suwuny içip, oňşukly-ylalaşykly ýaşaşyp gelen, köki bir, ruhy bir, dost-dogan halklary bilen özboluşly keşbe eýe bolan sebitdir. Geçmişden şu güne deňiç möhüm ykdysady, syýasy, medeni merkezdir. Bu sebitiň dünýäniň iri syýasy-ykdysady zolaklary bilen jebis gatnaşykly-galtaşyklydygyny, Aziýadyr Ýewropanyň arasyndaky möhüm köprüdigini göz öňünde tutanyňda hem onuň geosyýasy, geoykdysady ähmiýetine aň ýetirmek bolýar. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň taryhynyň bitewi bolşy ýaly, geljeginiň hem köp babatda umumydygy tagallalary birleşdirmegiň möhümligini has-da artdyrýar. Şoňa görä-de, soňky wagtlarda sebitleýin hyzmatdaşlyk barha we barha ilerlemek, işjeňleşmek bilen. 14-15-nji sentýabrda Täjigistanyň paýtagty gözel Duşenbede bolup geçen wakalar — Merkezi Aziýa döwletleriniň bäşinji konsultatiw duşuşygy, Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi munuň şeýledigini ýene bir gezek tassyklady. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şol günlerde dostlukly ýurtda iş saparynda bolmak bilen, Duşenbe duşuşyklaryna gatnaşyp, ileri tutulýan möhüm ugurlarda türkmen döwletiniň garaýyşlaryny, wajyp başlangyçlaryny beýan etdi.

Kakamyrat REJEBOW.
“Türkmenistan”. Aşgabat — Duşenbe — Aşgabat.
Beýleki habarlar