Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy — ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzasy

19 Sentýabr 2023
689

Bu hoş habar barada ýakynda ÝUNESKO-nyň Sekretariatynyň Sosial we ynsanperwer ylymlary bölümçesiniň syýasat we maksatnamalar meseleleri boýunça direktory Anžela Melo öz hatynda beýan etdi.

Žurnalymyzyň gadyrly okyjylary, siz bilýänsiňiz, ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty esasynda ýaşlar hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Häzirki wagtda jemgyýetimiziň geljegi bolan ýaşlara ählitaraplaýyn goldaw berilýär. Olarda mukaddes Watana, baý tebigata söýgi, dost-doganlyk gatnaşyklaryna, maşgala gymmatlyklaryna, zähmete, sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlylygy terbiýelemeklige aýratyn üns berilýär.

Garahanjar BAÝHANOW,
«Güneş».
Beýleki habarlar