Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä Söwda Guramasynyň Baş direktory bilen duşuşdy

20 Sentýabr 2023
1249

Nýu-Ýork, 18-nji sentýabr (TDH). Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji sessiýasyna gatnaşýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) Baş direktory hanym Ngozi Okonjo-Iweala bilen duşuşdy.

Döwlet Baştutanymyz we iri halkara söwda guramasynyň ýolbaşçysy mähirli salamlaşyp, hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny, ony ösdürmegiň geljegini söhbetdeşlikde ara alyp maslahatlaşmak üçin dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Umumy pikire görä, şu günki duşuşygyň netijeleri hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin ygtybarly binýat bolar.

Beýleki habarlar