Merkezi Aziýa: täze gözýetimler, anyk ädimler

19 Sentýabr 2023
734

Şu ýylyň 14-15-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygyna hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşyp, taryhy çykyş etdi, birnäçe başlangyçlary öňe sürdi. Duşenbe şäherinde geçirilen sammitleriň ikisi we olaryň çäginde ýaýbaňlandyrylan ugurdaş çäreler sebitleýin hyzmatdaşlygy dürli ugurlarda has-da ösdürmäge täze mümkinçilikleri açdy.

Mälim bolşy ýaly, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda sebit boýunça goňşy döwletler bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmagyň we giňeltmegiň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sammitde eden çuň manyly, ylmy taýdan esaslandyrylan çykyşynda öňe süren başlangyçlaryndan görnüşi ýaly, Türkmenistan sebit hyzmatdaşlygynyň meselelerine ähli taraplaryň bähbitlerini nazara almak, özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda çemeleşýär. Döwlet Baştutanymyz çykyşynda ýurtlarymyzyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň we özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmagyň möhüm wezipe bolup durýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa Söwda edarasyny döretmek meselesine garamak teklip edildi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz: «Biziň ýurtlarymyzda innowasion ösüşiň uly kuwwaty, oňat ylmy mekdepler we tehnologik tejribeler bar. Bu artykmaçlyklary birleşdirmek, tejribe, bilimleri alyşmagy ýola goýmak, bilelikde daşary ýurtlaryň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek we ornaşdyrmak, innowasion bilimleri ösdürmek üçin has oňaýly şertleri üpjün etmek, ýaşlaryň döredijilik başlangyjyny höweslendirmek zerur bolup durýar» diýmek bilen, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň täze tehnologiýalar boýunça Geňeşini döretmegi teklip etdi.

Baýramgül ORAZDURDYÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory, hukuk ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar