Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

20 Sentýabr 2023
623

Nýu-Ýork, 18-nji sentýabr (TDH). Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş sapary bilen bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşdy.

Hormatly Prezidentimiz Nýu-Ýorkda geçýän duşuşyga örän şatdygyny nygtap, bu gepleşikleriň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň täze ýollaryny kesgitlemäge, ony mundan beýläk-de giňeltmäge kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi. Bellenilişi ýaly, deňhukuklylyk, özara bähbitlilik, hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-koreý gatnaşyklary okgunly ösüşe eýe boldy hem-de ösüşini yzygiderli dowam etdirip, hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.

Beýleki habarlar