Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýoly arkaly hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşyldy

20 Sentýabr 2023
378

Gazagystan bilen Eýranyň iki ýurduň arasyndaky ulag we üstaşyr aragatnaşygyny güýçlendirmekde uly mümkinçilikleri bar. Bu barada BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň çäginde Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen onuň eýranly kärdeşi Ebrahim Raisiniň arasynda Nýu-Ýorkda geçirilen duşuşykda mälim edildi.

Hususan-da, taraplar Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýoluny Hazaryň üsti bilen özara söwdany we ulag aragatnaşygyny ösdürmegiň esasy ugry hökmünde ulanmagyň giň mümkinçiliklerini bellediler diýlip, Gazagystanyň Prezidentiniň Metbugat gullugy habar berýär.

Beýleki habarlar