"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Baýramçylyk at çapyşyklary

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralar soňra baýramçylyk at çapyşyklary bilen dowam etdi. Uly şatlyk-şowhuna beslenen at çapyşyklary halkymyzyň tutumly toýlarynyň dabarasynyň has-da belende göterilýändigini alamatlandyrdy. 5 aýlawdan ybarat bolan at çapyşyklaryna tomaşa edenler bedewleriň «ýelden ýyndam» diýdirýän çalasynlygyna ýene-de bir gezek aýdyň göz ýetirdiler. Baýramçylyk at çapyşyklarynyň arasynda ýaňlanan halk aýdymlary dabaranyň milli aýratynlygyna öwrüldi.

Toý toýlanýar bu gün şanyňa, bedew!

Daşoguz atçylyk sport toplumy ýekşenbe güni Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli toý ruhuna beslendi. Halkymyzyň «At agynan ýerde toý bolar» diýen pähiminiň ýöne ýere döremändigini aýdyň görmek bolýar. Güneşli Diýarymyzyň ähli künjeginde giňden bellenilýän milli baýram welaýatymyzyň etrapdyr şäherlerinde hem uly şatlyk-şowhuna beslendi. Ir säherden badalga berlen baýramçylyk ýörişiniň täsiri oňa gatnaşan ildeşlerimiziň, il sylagly ýaşulularyň, mährem eneleriň, bagtyýar ýaşlaryň, şadyýan çagalaryň kalbyna baýramçylyk ruhubelentligi bolup ornady.

Behişdi bedewleriň hormatyna baýramçylyk dabarasy guraldy

Düýn Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli  Lebap atçylyk sport toplumynda däp bolan dabaraly çäreler guraldy. Bu ýerde welaýatyň sungat ussatlarynyň gatnaşmaklarynda aýdym-sazly çykyşlar, edebi-sazly kompozisiýalar boldy. Halypa we ýaş suratkeşleriň hem-de amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň eserleriniň sergileri görkezildi. Milli gymmatlyklarymyzyň naýbaşysy bolan Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralan at çapyşygy bolsa  has-da täsirli duýgulara baý bolup, baýramçylyk dabarasyna aýratyn öwüşgin çaýdy.   

Pa­ra­hat­çy­lyk ug­run­da gö­re­şen­ler

«7/24. tm» №18 (205), 29.04.2024 Be­ýik Ýe­ňiş in­di 79 ýyl bä­ri ýaş ne­sil­ler bi­len front­çy, sö­we­şi­ji we ty­lyň zäh­met­keş­le­ri bo­lan ne­sil­le­riň ara­syn­da­ky bö­lün­mez hal­ka bo­lup hyz­mat ed­ýär. Nä­çe ýyl geç­se-de, çuň­ňur ho­şal­ly­ga do­ly nä­çe söz aý­dyl­sa-da, biz we­te­ran­la­ryň öňün­de ba­ky ber­gi­dar­dy­rys. Ha­wa, wagt ola­ryň ha­ta­ry­ny bar­ha azald­ýar, ýö­ne ola­ryň bi­ziň jem­gy­ýe­ti­miz­de uly üns we ys­sy mä­hir bi­len gur­şa­lyp al­nan­dy­gy has mö­hüm­dir, ola­ryň dur­muş tej­ri­be­si hem-de ur­şuň ala­wy gur­şa­lyp al­nan ýat­la­ma­la­ry has gym­mat­ly­dyr. Şu­nuň ýa­ly hor­ma­ta we ala­da ty­lyň yh­las­ly zäh­met­keş­le­ri, uruş­da we­pat bo­lan es­ger­le­riň ýanýol­daş­la­ry-da we şol ýyl­la­ryň agyr sy­na­gy­ny baş­dan ge­çi­ren­le­riň äh­li­si my­na­syp­dyr.

Serpaýyň ýetdi ýeňişden...

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmen bedewiniň milli baýramy ýurdumyzda ýokary ruhubelentlige, toý şatlygyna beslendi. Düýn hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda bu şanly sene mynasybetli köpöwüşginli dabaralar ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde geçirilen baýramçylyk at çapyşyklary örän çekeleşikli, gyzgalaňly häsiýete eýe bolup, toýçy mähelläniň şatlygyny artdyrdy. Baýramçylyk mynasybetli geçirilen atly sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikleriň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy hem bu ugurdaky ussatlaryň täze nesliniň baýramçylyk buýsanjyny goşalandyrdy. Begençmyrat AGAMYRADOW,Türkmenistanyň ussat çapyksuwary, baş baýragyň eýesi:

Owazasy dünýä dolan bedewler

«7/24. tm» №18 (205), 29.04.2024 Türk­me­n hal­ky­nyň be­hiş­di be­dew­le­ri­ne bo­lan çuň­ňur söý­gü­si hal­ky­my­zyň kal­byn­da müň­ler­çe ýyl bä­ri ýa­şap gel­ýär. Ga­myş­gu­lak be­dew­le­ri­mi­ziň şeý­le ýo­ka­ry hormata eýe bol­ma­gy­nyň çuň­ňur hem aý­ra­tyn ma­ny­sy bar­dyr. Çün­ki mer­da­na pe­der­le­ri­miz ahal­te­ke türk­men be­dew­le­ri­ne ýö­ne­keý ada­ty jan­dar hök­mün­de däl-de, eý­sem maş­ga­la­nyň aý­ra­tyn bir ag­za­sy, ja­na-jan we­pa­dar dos­ty hök­mün­de se­re­dip, «At — ada­myň syr­da­şy», «Atym bar — ga­na­tym bar», «At agy­nan ýer­de toý bo­lar», «At — my­rat», «At — döw­let» ýa­ly en­çe­me pä­him­le­ri dö­re­dip­dir­ler.

Türk­men be­de­wi­niň mil­li baý­ra­my my­na­sy­bet­li da­ba­ra­lar

«7/24. tm» №18 (205), 29.04.2024 Türk­men be­de­wi­niň mil­li baý­ra­my my­na­sy­bet­li giň ge­rim­li esa­sy baý­ram­çy­lyk çä­re­le­ri «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da il­kin­ji ge­zek Ar­ka­dag şä­he­rin­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň gat­naş­ma­gyn­da ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy.

Täze öýlerde toý şatlygy

Düýn Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralaryň çäklerinde döwlet Baştutanymyzyň Halkara atçylyk akademiýasynyň professor-mugallymlaryna, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň alymlaryna hem-de Arkadag şäheriniň atşynaslaryna täze şäherde gurlan döwrebap ýaşaýyş jaýlaryndan 120 maşgala niýetlenen täze jaýlaryň açarlaryny sowgat hökmünde gowşurmagy ildeşlerimizde egsilmez buýsanç döretdi. Şöhraty dünýä dolan ahalteke bedewleriniň asyl mekanynda, gadymy topragyň juwan şäherinde raýatlaryň uly toparynyň ähli amatlyklary özünde jemleýän öýlerde ýaşamagy üçin döredilýän şertler ýurdumyzda durmuş ugurly syýasatyň ähli ulgamlary gurşap alýandygyna şaýatlyk edýär. Täze öýleriň eýeleriniň biri, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň uly mugallymy Myrat Rejepgulyýew:

Göwün at üstünde ganat baglady

Düýn Mary atçylyk sport toplumynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ýurdumyzyň ýetginjek, ussat we halypa çapyksuwarlarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk at çapyşyklary geçirildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň bu toý tutumy bedew janköýerleriniň milli guwanjymyz hasaplanýan ahalteke atlarymyza bolan buýsançlaryny has-da belende göterdi. Baýramçylyk at çapyşyklaryna welaýat, etrap, şäher häkimlikleriniň ýolbaşçylary, deputatlar, halk maslahatlarynyň agzalary, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ýaşuly nesliň wekilleri, ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelen halypa we ýaş atşynaslar, hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary, şeýle-de welaýatyň bagtyýar ýaşaýjylary ýokary ruhubelentlikde gatnaşdylar.

Gadymy — gözelligiň nusgasy

Paýa PAÝAÝEW,«Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginde ýeňiji bolan Gadymy atly bedewiň seýsi: — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda sebitde deňi-taýy bolmadyk «akylly» Arkadag şäheri ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilýän esasy çäreleriň merkezine öwrüldi. Ahalteke bedewleriniň kemala gelen gadymy mekanynda dörän häzirki zaman şäherinde ýokary toý ruhubelentliginde geçýän bu baýramçylyk dabaralary atşynasdyr seýislerimizde, çapyksuwarlarda we beýleki myhmanlarda ýakymly täsirleri galdyrýar.

Bedew. Ýaşlyk. Ýeňiş

Ýurdumyzda behişdi bedewleriň gözelligini wasp etmek boýunça her ýyl döredijilik bäsleşigini geçirmek indi asylly däbe öwrüldi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda-da bu bäsleşik giň gerimde geçirilip, onuň ýeňijileri yglan edildi.

At agynan ýerde...

«Toý» sözüniň özünde adama ruhy güýç beriji many bar. Sebäbi toý-baýram günlerinde her kimiň ýüzünde ýylgyryş, bir-birege hoşamaýlyk, gyzgyn ýürekden çykýan gutlaglar gulaga ýarap, göwnüňi göge göterýär. Parahat ýurdumyzda ýyllar üstünliklere, aý-günlerimiziň ählisi diýen ýaly toý-baýramlara beslenip gelýär. Saba säher. Arassa howa. Ajaýyp Köpetdagy etekläp oturan «akylly» şäher. Gursakda toýa barýanyň joşguny. Bularyň hiç biri adamy biparh goýmaýar. Sebäbi Arkadag şäherinde ilkinji gezek bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy uludan tutulýar. Şular ýaly döwletlilik hasaplanylýan ýerlere baryp görmegiň, gatnaşmagyň özi bagt.

Milli gymmatlygymyz sungat eserlerinde

Düýn Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli bäsleşikleri geçirmek hakyndaky» Kararyna laýyklykda, «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň we ahalteke atlarynyň gözelligini şekillendiriş, amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasyndaky bäsleşigiň jemi jemlenildi. Onda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerine — Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Gurbangül Bekbaýewa «Türkmen bedew aty Toýly» atly haly eseri, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby Abraý Annaýewe «Milli mirasymyz» atly şaý-sep toplumy eseri, şol okuw mekdebiň mugallymy Arslan Atahanowa «Toýly gün» atly nakgaşlyk eseri we talyplary Kerim Soltanowa «At gazanan goç ýigidiň, owwal bedew aty gerek» atly heýkel eseri, Nurmuhammet Ýolamanowa «Behişdi bedewler» atly fotoişleri, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Wepa Myşşyýewe «Şöhraty dünýä dolan bedew» atly wideoşekili üçin baýraklar gowşu

Seýisçilikde halkara tejribe

25-nji aprelde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mejlisler zalynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly XVI halkara ylmy maslahaty geçirildi. Bu halkara maslahata atçylyk pudagynda zähmet çekýän hünärmenler, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, professor-mugallymlar we talyp ýaşlar, daşary ýurtly wekiller hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri gatnaşdylar.

Täze jaýlar — baýramçylyk serpaýy

Düýn Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň professor-mugallymlaryna, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň alymlaryna, Arkadag şäheriniň atşynaslaryna 120 maşgala niýetlenen täze, döwrebap jaýlaryň açarlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Bu şanly waka türkmen bedewlerini ýetişdirmekde päk zähmet çekýän seýislere we atşynaslara goýulýan hormatyň aýdyň güwäsidir. Baýramçylyk sowgady hökmünde Arkadag şäheriniň «akylly» jaýlaryndan serpaýly bolmaklary atşynaslarymyzyň we seýislerimiziň kalplaryny buýsandyrdy. Olar şeýle ajaýyp sowgady peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzy hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen gutlap, ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Türkmen bedewlerini hemra edinen atşynaslaryň azaby ýerine gowuşdy diýleni boldy. Ak mermere beslenen ajaýyp şäherden öýli bolmak bolsa, bedew janköýerleriniň borçlaryny has-da artdyrýar. Atçylygyň mesgeninde işlemäge, ýaşamaga döredilen mümkinçilik üçin olaryň ýürekden çykýan her bir sözünde tükenmez alkyşlar bar.

Atdyr ýigidiň ýoldaşy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly baştutanlygynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralaryň döwlet derejesinde, giň gerimde ýaýbaňlandyrylmagy bu ajaýyp gymmatlyga goýulýan belent hormat-sarpanyň nobatdaky aýdyň güwäsidir. Mälim bolşy ýaly, şu ýyl baýramçylyk mynasybetli dabaralar ilkinji gezek şöhratly ahalteke atlarynyň gadymy mekanynda — Arkadag şäherinde geçirilýär. Milli Liderimiziň golaýda Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň barşynda täze doglan taýçanaga Şahyr diýip at goýmagy-da göwünleri galkyndyran, ýürekleri joşduran wakalaryň biri boldy.

Täzelik

Çärjew etrabyndaky «Mizemez gadam» hususy kärhanasynda indi birnäçe ýyldan bäri gurluşyk önümlerini öndürmekde ýokary netijeler gazanylýar. Daşary ýurt kompaniýalarynda öndürilen kuwwatly tehnologiýalara daýanýan bu hususy önümçilikde ýylyň başyndan bäri izogamyň 950 müň inedördül metri, suwuk bitum mastikasynyň 2 müň tonna golaýy, keramiki plita ýelmeýji gury ergininiň bolsa 200 tonnadan gowragy öndürildi. Taýýar önümler ýurdumyzyň içerki bazarlaryna ugradylýar. Hususyýetçi şu günler gurluşyk önümleriniň täze görnüşlerini öndürmek ugrunda degişli işleri alyp barýar.

Zehinli ýaşlaryň hasabat konsertleri

Çagalar sungat mekdebimizde okaýan zehinli ýaşlar şu günlerde hasabat konsertleri bilen çykyş edýärler. Üflenilip we kakylyp çalynýan saz gurallary hünäri boýunça halypalardan bilim alyp, bu ugurda zehinlerini taplaýan ýaşlaryň hasabat konsertleri olaryň saz äleminde öz ukyp-başarnyklaryny baýlaşdyrýandyklaryny görkezýär. Üflenilip we kakylyp çalynýan saz gurallary hünäri boýunça ýaşlaryň öz halypalarynyň berýän sapaklaryny mäkäm özleşdirendikleri olaryň ýerine ýetiren saz eserlerinde aýdyň duýulýar. Saz gurallarynyň arasynda fleýtanyň owazy has-da ýakymly ýaňlandy. Zehinli ýaşlar milli kompozitorlarymyzyň meşhur saz eserleriniň birnäçesini ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Saz äleminiň kämillik basgançaklaryny üstünlikli geçýän ýaşlar şirin owazlary bilen kalplara ýakymly täsirleri paýladylar. Hasabat konsertleri ýaşlaryň öz zehinlerini taplamak, şeýle hem halypalarynyň ynamyny ödemek üçin sungat äleminde döredijilik gözlegleriniň, yhlaslarynyň joşgunly beýany boldy.

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

Şygryýet äleminiň çyragy Ýakynda Baýramaly etrabyndaky 14-nji orta mekdepde TDP-niň etrap komitetiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanylyp, “Magtymguly Pyragy — şygryýet äleminiň çyragy” atly edebi-sazly çäre geçirildi. Çärä ýokarda ady agzalan edara-kärhanalaryň işgärleri, etrapdaky orta mekdepleriň mugallymlary we ýokary synp okuwçylary gatnaşdylar.

Ajap eýýamyň ýoly

Türkmen dilinde «ýol» ýaly köp we giň manyly söz az bolsa gerek. Gumaksy-çagylly, oba-şäher, asuda-hatarly, giň-dar, alys-ýakyn, ýagşy-ýaman, köne-täze, çöl-dag, ýörelen, geçilen, ömür... garaz, ýoly häsiýetlendirýän sözleriň sanawyny tükeder ýaly däl. Iň täsin ýeri: bularyň haýsysynyň göni, haýsysynyň göçme manydadygyny-da seljermek kyn. Bir zat welin belli. Özi ýol bolsa, hemmesem nirädir bir ýerlere, bir maksada alyp barýar, ýetirýär. «Ýodany yzlasaň, ýola elter, ýol yzlasaň — ile» diýilmänmidir näme?! Kän öwrümli ýollaryň dogry saýylmagy, ýakynynyň goýlup, alsynyň saýlanmagy, köpçülige rahat ýoluň birewe hatarly bolmagy hem duran bir hikmet. Bar zat bu ýollaryň ýolagçysyna, onuň ulagyna, ýüküne, niýet-päline bagly bolaýmasa. Türkmen «Ýol — keramat» diýýär. Ýola-da, ýolagça-da sarpaly garalýar. Ýola gidene garaşylýar. Garaşylan garşylanýar. Türkmeniň ýol bilen bagly köp sanly dileglerem bar. Häzirki gürrüňini etmekçi ýolumyz bolsa iňňän uly ýol. Bir kişä, bir oba, bir ile barýan ýol däl, ýurtlary, halklary ýakynlaşdyrjak, birleşdirjek ýol. Ol — Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly. Bu gün awtoban Tejen — Mary aralygyna uzap, ikinji menziline ýetirildi. Bu aralyga ymgyr sähranyň içi bilen binýady