Ajap eýýamyň ýoly

26 Aprel 2024
247

Türkmen dilinde «ýol» ýaly köp we giň manyly söz az bolsa gerek. Gumaksy-çagylly, oba-şäher, asuda-hatarly, giň-dar, alys-ýakyn, ýagşy-ýaman, köne-täze, çöl-dag, ýörelen, geçilen, ömür... garaz, ýoly häsiýetlendirýän sözleriň sanawyny tükeder ýaly däl. Iň täsin ýeri: bularyň haýsysynyň göni, haýsysynyň göçme manydadygyny-da seljermek kyn. Bir zat welin belli. Özi ýol bolsa, hemmesem nirädir bir ýerlere, bir maksada alyp barýar, ýetirýär. «Ýodany yzlasaň, ýola elter, ýol yzlasaň — ile» diýilmänmidir näme?!

Kän öwrümli ýollaryň dogry saýylmagy, ýakynynyň goýlup, alsynyň saýlanmagy, köpçülige rahat ýoluň birewe hatarly bolmagy hem duran bir hikmet. Bar zat bu ýollaryň ýolagçysyna, onuň ulagyna, ýüküne, niýet-päline bagly bolaýmasa. Türkmen «Ýol — keramat» diýýär. Ýola-da, ýolagça-da sarpaly garalýar. Ýola gidene garaşylýar. Garaşylan garşylanýar. Türkmeniň ýol bilen bagly köp sanly dileglerem bar. Häzirki gürrüňini etmekçi ýolumyz bolsa iňňän uly ýol. Bir kişä, bir oba, bir ile barýan ýol däl, ýurtlary, halklary ýakynlaşdyrjak, birleşdirjek ýol. Ol — Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly. Bu gün awtoban Tejen — Mary aralygyna uzap, ikinji menziline ýetirildi. Bu aralyga ymgyr sähranyň içi bilen binýady tutulyp, galdyrylyp, örtükleri düşelip, hemme zerur desgalary bina edilip ýetildi. Ýol ilkinji ýolagçylaryny menziline ýetirdi.

Muhammetberdi ANNAGELDIÝEW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar