Täze öýlerde toý şatlygy

28 Aprel 2024
275

Düýn Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralaryň çäklerinde döwlet Baştutanymyzyň Halkara atçylyk akademiýasynyň professor-mugallymlaryna, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň alymlaryna hem-de Arkadag şäheriniň atşynaslaryna täze şäherde gurlan döwrebap ýaşaýyş jaýlaryndan 120 maşgala niýetlenen täze jaýlaryň açarlaryny sowgat hökmünde gowşurmagy ildeşlerimizde egsilmez buýsanç döretdi.

Şöhraty dünýä dolan ahalteke bedewleriniň asyl mekanynda, gadymy topragyň juwan şäherinde raýatlaryň uly toparynyň ähli amatlyklary özünde jemleýän öýlerde ýaşamagy üçin döredilýän şertler ýurdumyzda durmuş ugurly syýasatyň ähli ulgamlary gurşap alýandygyna şaýatlyk edýär. Täze öýleriň eýeleriniň biri, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň uly mugallymy Myrat Rejepgulyýew:

Toýly MUHAMMETDURDYÝEW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar