At agynan ýerde...

28 Aprel 2024
177

«Toý» sözüniň özünde adama ruhy güýç beriji many bar. Sebäbi toý-baýram günlerinde her kimiň ýüzünde ýylgyryş, bir-birege hoşamaýlyk, gyzgyn ýürekden çykýan gutlaglar gulaga ýarap, göwnüňi göge göterýär. Parahat ýurdumyzda ýyllar üstünliklere, aý-günlerimiziň ählisi diýen ýaly toý-baýramlara beslenip gelýär.

Saba säher. Arassa howa. Ajaýyp Köpetdagy etekläp oturan «akylly» şäher. Gursakda toýa barýanyň joşguny. Bularyň hiç biri adamy biparh goýmaýar. Sebäbi Arkadag şäherinde ilkinji gezek bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy uludan tutulýar. Şular ýaly döwletlilik hasaplanylýan ýerlere baryp görmegiň, gatnaşmagyň özi bagt.

Çaryberdi REJEBOW.
«Arkadag».
Beýleki habarlar