Täze jaýlar — baýramçylyk serpaýy

28 Aprel 2024
216

Düýn Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň professor-mugallymlaryna, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň alymlaryna, Arkadag şäheriniň atşynaslaryna 120 maşgala niýetlenen täze, döwrebap jaýlaryň açarlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Bu şanly waka türkmen bedewlerini ýetişdirmekde päk zähmet çekýän seýislere we atşynaslara goýulýan hormatyň aýdyň güwäsidir.

Baýramçylyk sowgady hökmünde Arkadag şäheriniň «akylly» jaýlaryndan serpaýly bolmaklary atşynaslarymyzyň we seýislerimiziň kalplaryny buýsandyrdy. Olar şeýle ajaýyp sowgady peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzy hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen gutlap, ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Türkmen bedewlerini hemra edinen atşynaslaryň azaby ýerine gowuşdy diýleni boldy. Ak mermere beslenen ajaýyp şäherden öýli bolmak bolsa, bedew janköýerleriniň borçlaryny has-da artdyrýar. Atçylygyň mesgeninde işlemäge, ýaşamaga döredilen mümkinçilik üçin olaryň ýürekden çykýan her bir sözünde tükenmez alkyşlar bar.

Gyzylgül AMANLYÝEWA.
«Arkadag».
Beýleki habarlar