Gadymy — gözelligiň nusgasy

28 Aprel 2024
253

Paýa PAÝAÝEW,
«Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginde ýeňiji bolan Gadymy atly bedewiň seýsi:

— «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda sebitde deňi-taýy bolmadyk «akylly» Arkadag şäheri ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilýän esasy çäreleriň merkezine öwrüldi. Ahalteke bedewleriniň kemala gelen gadymy mekanynda dörän häzirki zaman şäherinde ýokary toý ruhubelentliginde geçýän bu baýramçylyk dabaralary atşynasdyr seýislerimizde, çapyksuwarlarda we beýleki myhmanlarda ýakymly täsirleri galdyrýar.

Beýleki habarlar